04.12.2023 Täzelikler198 .

Türkmenistanda «Magtymguly Pyragy» portaly döredildi


Türkmenistanda «Magtymguly Pyragy» portaly döredildi. Bu portalyň döredilmegi Gündogaryň beýik akyldarynyň we nusgawy şahyryň doglan gününiň 300 ýyllygynyň çägindäki çäreleriň meýilnamasynda esasy wezipeleriniň biri hökmünde kesgitlenýär.

Bu işe portalyň mazmunyna jogapkär bolup durýan Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar instituty, onuň serwer programma üpjünçiligine hem-de kiberhowpsuzlygy boýunça jogapkärçilik çekýän Tehnologiýalar merkezi, galyberse-de, ýokary okuw mekdepleriniň hünärmenleri gatnaşdylar.

Döwrebap sanly tehnologiýalary ulanmak arkaly döredilen täze maglumat çeşmesi dünýä edebiýatynyň altyn hazynasynyň möhüm bölegine öwrülen Magtymgulynyň baý edebi mirasyny bütin dünýä hödürleýär, internet ulanyjysy islendik ýerden türkmen halkynyň mentalitetine, ahlak gymmatlyklaryna hem-de durmuş ýörelgelerine uly täsirini ýetiren beýik akyldaryň, görnükli şahyryň ruhy dünýäsini we filosofiki garaýyşlaryny açmaga mümkinçilik alar. Onuň bölümlerinde şahyryň ýaşan döwri, terjimehaly we dünýägaraýşy, goşgularydyr eserlerini öwrenmek, Magtymguly Pyraga bagyşlanan kitaplardyr gollanmalar boýunça gyzykly maglumatlar ýerleşdirilipdir.

Şahyryň eserlerini tapmak isleýän ulanyjylara amatly şertleri üpjün etmek maksady bilen, temalara bölünen ses ýazgylary okyjylaryň uly gyzyklanmasyna eýe bolar. Bu ýerde ses ýazgylaryny gözlemek we baha bermek, okalýan goşgularyň sanyny görmek mümkinçiligi hem döredilýär. Portalda Magtymgulynyň Türkmenistanda we beýleki ýurtlarda gurlan ýadygärlikleriniň suratlary, meşhur adamlaryň şahyr hakda aýdan sözleri, beýik şahsyýete bagyşlanan dokumental hem-de çeper filmler, suratlar, dürli neşirler, nusgawy döredijilik mirasymyza degişli ylmy gözlegler öz beýanyny tapýar.

Mundan başga-da, ulanyjylar web-portalyň dolandyryjylaryna maglumatlary hem ýollap bilerler. Magtymguly Pyragynyň eserlerini öwrenýän ildeşlerimiziň özüni synamagy üçin döredilen elektron krossword hem beýik şahyryň goşgularyndaky sözlere esaslanyp, häzirki zaman düşündirişini talap edýär.

Bu portala magtymgulypyragy.gov.tm salgysy arkaly girip bilersiňiz!


medeniyet.gov.tm

Tmpedagog