17.01.2023 Täzelikler119 .

Innowasiýalar – hemmeler üçin


Durmuş bir ýerde durmaýar. Tehnologik täzeçillikler onuň dürli ugurlarynda ýeňillikleri döretmäge kömek edýär. Bu ýagdaý sport barada aýdylanda-da şeýledir. Innowasiýalar sport ýaryşlarynyň türgenler üçin adalatly hem-de netijeli, janköýerler üçin bolsa has-da gyzykly bolmagyny üpjün edýär. Iri halkara ýaryşlary tehnologik ösüşiň gazananlaryny synagdan geçirmek üçin örän oňaýlydyr. Geçen ýylyň aýagyna Katarda geçirilen futbol boýunça dünýä çempionaty hem bu hakykaty ýene bir gezek tassyklady.

 Halkara futbol federasiýasy ýörite dünýä çempionatyna niýetläp, mobil goşundylarynyň ikisini işe girizdi. Olaryň birinjisi futbolçylar («FIFA Player»), ikinjisi bolsa janköýerler («FIFA+») üçin niýetlenendir. Birinji goşundyda duşuşyk tamamlanandan birnäçe minut geçen badyna her bir oýunçy barada jikme-jik seljerme maglumatlary, oýnuň dowamyndaky işjeňliginiň görkezijileri, abraýly bilermenleriňdir hünärmenleriň pikirleri, şeýle hem emeli aň ulgamlarynyň maglumatlary ýerleşdirilýär. Bu maglumatlar oýunçylaryň we tälimçileriň işini ýeňilleşdirip, has ýokary netijeleri gazanmaga mümkinçilik berýär.

 Futbol muşdaklaryna niýetlenen «FIFA+» goşundysyna bolsa adaty köpçülikleýin habar beriş serişdelerine mahsus bolan maglumatlar ýerleşdirildi. Ýagny onda ýaryşa gatnaşan her bir topar baradaky täzelikleri, owadan gollaryň we beýleki täsirli pursatlaryň wideoşekillerini görmek bolýar. Şeýle hem futbola bagyşlanan müňlerçe dokumental filmleri özünde jemleýän wideoarhiw bar. Olar janköýerleriň gyzyklanmasyny artdyrmaga hem-de ähli täzeliklerden habarly bolmagyny gazanmaga şert döredýär.

Bahargül RASULOWA,
Ahal welaýatynyň Tejen etrabyndaky
Garaja Burunow adyndaky
32­nji orta mekdebiň mugallymy.

"Türkmen sporty" gazeti, 14.01.2023

Tmpedagog