03.01.2023 Täzelikler65 .

Döwrebap tejribä eýerip


― Göçme okuw maslahatynda biz welaýatymyzyň dürli etrap-şäherlerinden ýygnanan kärdeşlerimiz bilen orta mekdeplerde kärdeşler arkalaşyklarynyň ilkinji guramasynyň işini döwrüň talaplaryna laýyk ýola goýmagyň kämil usullaryny ara alyp maslahatlaşdyk. Bu çäre bilim ojaklarynda bu guramanyň işini göwnejaý ýola gomakda uly ähmiýete eýe boldy. Sportuň dürli görnüşleri boýunça geçirilen ýaryşlar, medeni çäreler we gezelençler, şeýle hem ajaýyp Awazanyň gyşky gözelligi okuw maslahatynyň täsirliligini has-da artdyrdy. Şeýle ajaýyp künjekde pikir alyşmaga, täze maksatlary bilelikde goýmaga döredilen giň mümkinçilikler üçin hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden hoşallygymyzy bildirýäris. Arkadagly Serdarymyzyň janynyň sag, başynyň dik, ilýurt bähbitli, umumadamzat ähmiýetli işleriniň mundan beýläk hem rowaç bolmagyny arzuw edýäris.

Ýazga geçiren Maral AKMYRADOWA,
“Türkmen gündogary”, 2022-nji ýylyň 15-nji dekabry

Tmpedagog