24.01.2025 Täzelikler267

OKUW-TERBIÝEÇILIK IŞLERINIŇ ÇAGALARDA GALDYRÝAN TÄSIRI


Hormatly Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň alyp barýan ylym-bilim syýasatynyň okuw—terbiýeçilik ähmiýetine, okuwçylara berilýän bilimiň dünýä ülňülerine laýyk gelmegi üçin täze tehnologiýalardan, okatmagyň häzirki zaman işjeň usullaryndan peýdalanmaklygyň gerimini giňeltmegiň zerurdygyna, okuw-usuly maslahatlara işjeň gatnaşmagyň, şeýle-de tejribeli mugallymlaryň iş tejribelerini öwrenmegiň we ýaýratmagyň öz hünär başarnyklaryny kämilleşdirmekde uly orun eýeleýändigine oňat düşünýän Balkan welaýatynyň Jebel şäherçesindäki 8-nji orta mekdebiniň agzybir mugallymlary Watanymyza wepaly, arassa ahlakly, ylymly-bilimli ýaşlary kemala getirmek üçin jan aýaman zähmet çekýärler.

2024-2025-nji okuw ýylynyň I ýarymyny hem mekdebimiziň başlangyç synp mugallymlary meýilnama esasynda geçirilmeli okuw-terbiýeçilik çärelerini talabalaýyk ýerine ýetirdiler. Bu çäreleri geçirmek, oňa gatnaşan çagalaryň ruhy dünýäsinde terbiýeçilik ähmiýetli oňyn garaýyşlaryň kemala gelmegine getirýär.

2024-2025-nji okuw ýylynyň sentýabr aýynyň 30-ynden 5-nji oktýabr aralygynda “Başlangyç synp” hepdeligi geçirildi. Hepdeligiň dowamynda meýilnama esasynda göreldeli sapaklar we 1-4-nji synplaryň arasynda “Saýra dilim Watan üçin”, ”Berkarar döwletiň bagtyýar nesilleri” atly temalarda çykyşlar guraldy. Hepdeligiň dowamynda A.Babaýewanyň türkmen dilinden beren “Çekimsiz sese gutarýan atlaryň ýöňkeme üýtgeýişleri” diýen temada beren göreldeli sapagy, A.Omarowanyň ene dili dersinden “Maşgala” tekst esasynda göreldeli sapagy, A.Hudaýberdiýewanyň surat dersinden “Penjire tutusynyň ýa-da diwara ýelmenýän kagyzyň taslamasyny çekmek. Öýümiziň bezegi” atly göreldeli sapagy has-da täsirli boldy. Hepdelikde başlangyç synp mugallymlarynyň arasynda “Iň oňat ýazylan sapak ýazgysy” bäsleşiginde A.Omarowanyň, M.Täçdurdyýewanyň, Ý.Mämmetgeldiýewanyň ýazan sapak ýazgylary beýlekilerden öňe saýlandylar. Hepdelikde 2-3-4–nji synplaryň ählisinde surat, zähmet derslerden bäsleşikler guraldy we degişli tapawutlanan synplara hormat hatlar gowşuryldy.

Mekdep kitaphanasynyň guramagynda 4-nji synp okuwçylarynyň arasynda “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” atly temada labyzly goşgy okamak bäsleşigi geçirildi. Bu bäsleşikde 4-nji “B” synp okuwçylary Z.Taganowa, S.Berenow 1-nji orna mynasyp boldular. 4-nji synp okuwçylaryň arasynda “Zehin-bilimiň açarydyr”atly toparlaýyn zehin bäsleşigi geçirildi. 4”B” synp 1-nji, 4”A”synp 2-nji, 4-nji”Ç” synp 3-nji orna mynasyp boldular. 3-nji synplarda hem “Zehin” bäsleşigi guraldy. Hepdelikde belli günlerde baýramçylyk çykyşlary guralyp durdy. Hepdeligiň dowamynda iňlis dili, rus dili mugallymlary tarapyndan çykyşlar, çeper okaýyşlar geçirildi. Başlangyç synp mugallymlarynyň okuw görkezme esbaplarynyň, çagalaryň ýasan el işleriniň sergisi gurnaldy. 4-nji synplarda okuw meýilnamalarynyň ýerine ýetirilişi we okuwçylaryň bilim derejeleri barlanyldy. Hepdelik täsirli, guramaçylykly geçdi.

“Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynda Garaşsyzlygyň ХХХIII ýyllygy mynasybetli 1-4-nji synplaryň arasynda “Açyk gapylar” hepdeligi geçirildi. Mekdepde 28 sany başlangyç synp bolup, olaryň ählisi hepdelige işjeň gatnaşdy. Meniň ýolbaşçylyk edýän 2-nji “A” synpymda “Garaşsyzlyk bagtym meniň” atly baýramçylyk çykyşy 23.09.2024ý senede geçirildi.

Dekabr aýynda başlangyç synp mugallymlary Baky Bitaraplygyň ХХIХ ýyllygy mynasybetli çäreler geçirdiler.4-nji synplarda “Bitaraplyk”baýramyna bagyşlap surat sergisi geçirildi. 1-2-3-4-nji synp okuwçylarynyň taýýarlamagynda “Bitaraplyk baýramynyň şanyna saýrar çaga dilimiz”atly baýramçylyk çykyşlary 02.12.2024ý senede geçirildi.

Okuw ýylynyň I ýarymynda 3-5-nji synp oglan okuwçylarynyň arasynda geçirilen “Merdana nesil-2024” bäsleşiginiň mekdep tapgyryna başlangyç synplar işjeň gatnaşdylar. Şol bäsleşikde mekdebimiziň başlangyç synp mugallymy Maýsa Ataýewanyň ýolbaşçylyk edýän 3-nji ”E” synpynyň okuwçysy Kerwen Poladow mekdep tapgyrynda baş baýraga, Balkanabat şäheri boýunça geçirilen tapgyrda 3-nji orna mynasyp boldy.

Baky Bitaraplygyň ХХIХ ýyllygy mynasybetli mekdep kitaphanasy bilen bilelikde 07.12.2024ý senede 3-4-nji synp okuwçylarynyň arasynda “Bir bar eken, bir ýok eken“ atly dostluk-doganlyk temada ertekileri sahnalaşdyrmak boýunça bäsleşik geçirildi. Bu bäsleşige ähli 3-4-nji synplar gatnaşdylar. Bu bäsleşikde 4-nji synplarda 1-nji orun 4-nji ”B” synp okuwçylarynyň “Patyşa we daýhanlar” atly erteki oýny, 2-nji orun 4-nji ”D” synp okuwçylarynyň ”Sowgat” erteki oýny, 3-nji orun 4-nji ”Ç” synp okuwçylarynyň “Ene süýdi” erteki oýny eýeledi. 3-nji synplarda 1-nji orun 3”G” synp okuwçylarynyň “Şagal we horaz”basnýa oýny, 2-nji orun 3-nji ”B” synp okuwçylarynyň “Sabyrly bol!” erteki oýny, 3-nji orun 3 “Ä” synp okuwçylarynyň “Iki dost” erteki oýny gazandylar. Olara hormat hatlary berildi. Bu geçirilýän terbiýeçilik çäreler çagalaryň zehin-ukyp başarnyklaryny ýüze çykarmakda,olaryň çeper sözleýiş we dilewarlyk ukyplaryny ösdürmekde, köpçüligiň öňünde çykyş etmek bilen, çagalaryň aglabasyna mahsus ýygralygy aradan aýyrmakda, milli duýgularyny kämilleşdirmekde oňyn täsir edýär.

Mekdebimiziň başlangyç synp mugallymlary gyşky dynç alyş möwsüminde başlangyç synp okuwçylarynyň tebigata, baýramçylyklara söýgi döretmek, wagtlaryny şat, wagty hoş geçirmek maksady bilen “Gyş gözelligi” diýen temada Balkanabat şäherindäki “Ak öýe”, Baş arçasyna, Balkanabat şäherindäki taryhy we ülkäni öwreniş muzeýine, Balkan welaýat drama teatryna gezelenç guradylar. Gezelenç çagalaryň dünýagaraýşyny giňeltmekde, gyzykly we täsirli zatlara şaýatlyk etmekde,mirasymyzy we taryhymyzy ýakyndan öwrenmekde, wagtlaryny şadyýan geçirmekde uly täsir galdyrdy.

Gezelenje giden ähli okuwçylaryň bu gezelençde özlerinde galan täsirleri barada gürrüň etdirmek we hekaýa ýazmak üçin hem pursat bolandygyny we beýleki synpdaş ýoldaşlary bilen gyzykly gürrüňler geçirmekde, gören täsirli zatlaryny, wakalaryny deň-duşlary bilen pikir alyşmakda hem täsiriň uludygyny bellemek bolar. ”Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna” aýak basan batlaryna çagalary Balkanabat şäherindäki baş arçasyna, Balkanabat şäherindäki taryhy we ülkäni öwreniş muzeýine, Balkan welaýat drama teatryna gezelenç guramak täsirli we göwnejaý boldy. Gezelenç wagty çagalar we mugallymlar ýatda galyjy pursatlary surata düşürdiler.

Şular ýaly terbiýeçilik ähmiýetli çäreleri gurap, Watana wepaly, kämil, bilimli, terbiýeli okuwçylary ýetişdirmekde mekdebimiziň mugallymlary mundan beýläkde jan-aýaman zähmet çekerler diýip umyt edýäris.

Ýurdumyzyň ýaş nesliniň kämil bilim almagy, multimedia serişdelerinden we innowasion tehnologiýalaryndan peýdalanmagy üçin ähli şertler döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, tutýan tutumly işleri hemişe rowaçlyklara beslensin!

Aýgül OMAROWA,
Balkan welaýatynyň Jebel şäherçesiniň
8-nji orta mekdebiniň başlangyç synplar boýunça
usuly birleşmäniň ýolbaşçysy,
ýokary derejeli başlangyç synp mugallymy.



Tmpedagog