Rus dili mugallymlary Watan goragçylarynyň güni mynasybetli çäre geçirdiler
Çärjew etrabynyň 4-nji orta mekdebiniň rus dili mugallymlary bilen bilelikde Watan goragçylarynyň güni mynasybetli dabaraly çäre geçirildi. . Oňa 7 ― 12-nji synplaryň okuwçylary işjeňlik gatnaşdylar.
Halkara parahatçylyk ýylynyň gurşawynda bellenilýän bu şanly sene şu ýyl aýratyn ähmiýete eýe. Şeýle bolansoň, baýramçylyk dabarasynda diňe bir türkmen ýa-da rus dillerinde däl-de, dünýäniň beýleki dillerinde hem aýdym-sazlar ýerine ýetirilip, şygyrlar okaldy. Şeýle hem okuwçylar rus edebiýatynyň sahypalaryndan orun alan türkmen gerçekleri baradaky eserlerden bölekleri okap berdiler, käbir bölekleri bolsa sahnalaşdyrdylar.
Mekdepde şanly seneleriň her biri uly dabaralar bilen bellenilýär. Bu bolsa okuwçylarda köpçülikleýin işlere bolan gyzyklanmany artdyrýar.
jeyhun.news