22.01.2025 Täzelikler247

Daşary ýurt dillerini okatmakda innowasiýalar we halkara tejribe: Türkmenistanda ösüşiň täze tapgyry


Berkarar Döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe daşary ýurt dillerini okatmagyň hilini dünýä standartlaryna laýyk getirmek, okatmagyň usulyýetini has-da kämilleşdirmek, bu ugurda halkara tejribesini giňden öwrenmek, okatmagyň innowasion usullaryny okuw işine giňden ornaşdyrmak, mugallymlaryň usulyýet-döredijilik başarnyklaryny hem-de ussatlygyny ýokarlandyrmak maksady bilen Türkmenistanyň Bilim ministrligi 2024-nji ýylyň 6-24-nji ýanwary aralygynda paýtagtymyzda ýerleşýänHalkara Ynsanperwer Ylymlary we Ösüş Uniwersitetiniň binasynda Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň “Iňlis dili hünärmeni” atly maksatnamasynyň çäklerinde okuw maslahaty geçirildi.

Okuw maslahatlarynda umumy orta we ýokary mekdepleriniň iňlis dili mugallymlary, Türkmenistanyň Milli bilim institutynyň ylmy işgärleri okatmagyň innowasion usullary, okuw maksatnamalaryna, sapak ýazgyaryna we okuw kitaplaryna bildirilýän häzirki zaman talaplary boýunça özleriniň tejribelerini artdyrdylar. Okuw maslahatlaryny ABŞ-nyň New Ýork Döwlet uniwersitetiniň professory, doktor, alym zenan Bes Klark-Gareka alyp bardy. Ol özüniň iňlis dilini okatmagyň usulyýeti boýunça toplan baý tejribesini türkmenistanly kärdeşleri bilen paýlaşdy. Iňlis dilini okatmagyň usulyýetiniň gysgaça taryhy, okuwçylary dil derslerini öwrenmäge höweslendirmek, ýumuşlar esasly dil öwrenmek ýaly ýene-de birnäçe gyzykly we ähmiýetli temalara bagyşlanyp geçirilen okuw maslahatlary mugallymlarynyň hünär ussatlyklaryyny baýlaşdyrmaga uly ýardam berdi. Ýurdumyzda daşary ýurt dillerini kämil derejede öwretmäge we öwrenmäge döredip berýän giň mümkinçilikleri üçin Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyza Arkadagly Gahryman Serdarymyza köp sag bolsun aýdýarys.




education.gov.tm

Tmpedagog