17.01.2025 Täzelikler227

Okatmagyň usulyýeti baýlaşdyrylýar


Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda ähli ulgamlar bilen bir hatarda, bilim ulgamyny ösdürmek, okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmek, sanly bilim ulgamyny ornaşdyrmak boýunça giň gerimli işler alnyp barylýar. Hormatly Prezidentimiziň Karary bilen tassyklanan «Türkmenistanda umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň 2028-nji ýyla çenli Konsepsiýasy» esasynda ýurdumyzyň umumybilim berýän mekdeplerinde ýaşlaryň giň dünýägaraýyşly, Watana wepaly, kämil nesil bolup ýetişmekleri ugrunda toplumlaýyn işler alnyp barylýar.

«Türkmenistanda umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň 2028-nji ýyla çenli Konsepsiýasy» Türkmenistanyň umumybilim maksatnamasynyň çäklerinde bilim almagyň döwlet standartlarynyň talaplaryna laýyklykda, bilimiň ähli derejelerinde okuw derslerini okatmagyň usulyýetini yzygiderli kämilleşdirmegiň maksatlaryny, wezipelerini we häzirki zaman çemeleşmelerini, şeýle hem okatmagyň milli we dünýä tejribesine, halkara standartlaryna laýyklygyny üpjün etmäge gönükdirilen resminamadyr.

Bu Konsepsiýanyň mazmuny diňe bir okuwçylaryň kämil bilim almaklaryna giň mümkinçilikleri döretmek bilen çäklenmän, eýsem, bilim ulgamynda zähmet çekýän halypa mugallymlar bilen bir hatarda, ýaş hünärmenleriň halypa-şägirtlik gatnaşyklaryny pugtalandyrmaga, özara tejribe sapaklaryny guramaga giň mümkinçilikleri döredýär. Bu bolsa ata-babalarymyzyň halypa-şägirtlik ýörelgeleriniň üstünlikli ösdürilýändigini aýdyň subut edýär. Gahryman Arkadagymyz hem halypa-şägirtlik ýörelgelerine uly üns berýär. Gahryman Arkadagymyzyň okuwçylar, talyplar, ýaş mugallymlar bilen geçirýän umumy okuw sapaklary bilim ulgamynda zähmet çekýän her bir mugallyma yhlasly zähmet çekmäge uly güýç, ylham berýär.

Hormatly Prezidentimiz: «Biz bilim ulgamynda ruhy taýdan kämil, giň dünýägaraýyşly ýaş nesilleri terbiýelemek boýunça netijeli işleri alyp barýarys» diýip belleýär. Hakykatdan hem, ýurdumyzda ýaşlaryň kämil bilim almaklary üçin netijeli işler durmuşa geçirilýär. Ýurdumyzyň ähli künjeklerinde ýylyň-ýylyna dünýäniň iň ösen tehnologiýalary bilen enjamlaşdyrylan täze mekdepler açylyp ulanylmaga berilýär. Indi däp bolşy ýaly, Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyndan birinji synpa barýan okuwçylara «Bilimli» atly kompýuterler sowgat berilýär. Bu bolsa bilimiň hilini ýokarlandyrmaga, ýaş nesle döwrebap bilim öwretmäge ähli mümkinçilikleri döredýär.

Döredilýän şertlerden, mümkinçiliklerden peýdalanyp, biz — bilim işgärleri yhlasly, tutanýerli zähmet çekmäge borçlanýarys. Ýaşlaryň bilimli, giň dünýägaraýyşly, kämil nesil bolup ýetişmegi ugrunda dünýä nusgalyk işleri durmuşa geçirýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun!

Derkar ANNABERDIÝEW,
Daşoguz şäherindäki iňlis dili dersine ýöriteleşdirilen
29-njy orta mekdebiň müdiri.

"Mugallymlar gazeti" gazeti, 15.01.2025

Tmpedagog