Netijeli guralýan usuly-amaly okuwlar
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Serdarymyzyň bimöçber aladalarynyň we taýsyz tagallalarynyň netijesinde umumybilim edaralarynyň pedagoglarynyň, bilim işgärleriniň hünär derejelerini ýokarlandyrmaga, olaryň öz hünär ussatlygyny üznüksiz kämilleşdirmeklerine giň mümkinçilikler açylýar, ähli zerur şertler döredilýär. Bu babatda bilim işgärleriniň arasynda geçirilýän usuly-amaly okuwlar özüniň netijeliligi bilen tapawutlanýar. Milli bilim ulgamynda giň gerimde alnyp barylýan işler, öňde durýan wezipeler dogrusynda bilim işgärleriniň arasynda geçirilýän usuly-amaly okuwlarda has giňişleýin gürrüňler edilýär.
Geçirilmesi däbe öwrülen usuly-amaly okuwlar Köneürgenç etrabynda hem bilim işgärleriniň işjeň gatnaşmaklarynda guramaçylykly geçirilýär. “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak” ýylynyň ilkinji günlerinde gurnalan usuly-amaly okuwlarda mugallymlar sapaklary döwrebap guramak, ýaş nesle bilim bermekde okatmagyň döwrebap usullaryndan peýdalanmak, bilimli, giň dünýägaraýyşly, maksada okgunly ýaşlary terbiýeläp ýetişdirmek barada özara pikir alyşýarlar.
“Türkmenistanda umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulýetini kämilleşdirmegiň 2028-nji ýyla çenli konsepsiýasy”, bu konsepsiýa esasynda ýerine ýetirilmeli işler, mugallymlaryň öňlerinde durýan wezipeler baradaky meseleler usuly-amaly okuwlaryň gün tertibiniň merkezinde durýar. Mugallymlar bu konsepsiýa esasynda okatmagyň usulýetini kämilleşdirmek, bu babatda dünýäniň ösen döwletleriniň iş tejribesinden peýdalanmak, şol bir wagtda hem, halkymyzyň çaga terbiýesindäki milli aýratynlaryny usulýetde peýdalanmak barada giňişleýin gürrüň edilýär.
Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň alyp barýan bilim syýasaty ösüp gelýän ýaş nesle halkara ölçeglerine laýyk derejede çuňňur we ýokary hilli bilim bermäge, edep-terbiýeli we zehinli nesilleri ýetişdirmegiň öňdebaryjy tejribelerini mugallymçylyk işine ornaşdyrmaga, döredijilikli we halal zähmet çekmäge, öz hünär ussatlygyny yzygiderli kämilleşdirmäge, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistany bilimler merkezine öwürmäge gönükdirilen giň gerimli işlere has-da işjeň gatnaşmaga bilim işgärlerini borçly edýär. Köneürgenç etrap bilim işgärleri hem “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak” ýylyny uly zähmet üstünliklerine beslemegi maksat edinýärler.
Oguljennet Begmyradowa,
Köneürgenç etrabynyň 16-njy orta mekdebiniň
türkmen dili we edebiýat mugallymy,
Türkmenistanyň Ýaşlar baýragynyň eýesi.