Döredijilik bäsleşiginiň jemi jemlendi
2024-nji ýylyň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly diýlip yglan edilmegi hem-de Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli tamamlanyp barýan ýylda ýurdumyzda geçirilýän dürli çäreler: bäsleşikler, maslahatlar, aýdym-sazly dabaralar hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda berkarar döwletimiziň ähli ugurlarda rowaçlyklara beslenýändiginiň, akyldar şahyrymyza hormat-sarpanyň bimöçberdiginiň aýdyň subutnamasy bolup durýar. Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Balkan welaýat birleşmesiniň «Balkan» gazetiniň redaksiýasy bilen bilelikde yglan eden «Adyň dünýä doldy, dana Pyragy» atly döredijilik bäsleşigi hem şolaryň biri boldy.
Üstümizdäki ýylyň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly diýlip yglan edilmegi hem-de Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli, şeýle-de Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe akyldar şahyrymyza goýulýan belent hormat-sarpany, ussadyň edebi mirasyny, paýhas hazynasyny dünýä ýaýmakda Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen alnyp barylýan beýik işleri giňden wagyz etmek, döredijilik işgärlerini Gündogaryň beýik akyldaryna bagyşlanan kämil eserleri döretmäge höweslendirmek maksady bilen geçirilen bäsleşige welaýatymyzyň etrap-şäherlerinden döredijilik bilen meşgullanýan raýatlar ýokary işjeňlikde gatnaşdylar. Olar bäsleşige hödürlän goşgularynda, hekaýalarynda, makalalarynda akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň arzuwlan eýýamynyň — häzirki ajaýyp zamanamyzyň tarypyny ýetirdiler, bu döwürde nusgawy şahyrymyzyň at-abraýyny dünýäde has-da beýgeltmek ugrunda alnyp barylýan işleri, akyldaryň dürli temalarda ýazan şygyrlarynyň ähmiýetini çeper beýan etdiler.
Golaýda welaýat kitaphanasynda bu bäsleşigiň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy boldy. Eminler toparynyň gelen çözgüdi esasynda goşgular boýunça baş baýraga Balkanabat şäheriniň ýaşaýjysy, Türkmenistanyň at gazanan žurnalisti Amanmyrat Maýew eýe boldy. Bu ugurda birinji orna Esenguly etrabyndaky 10-njy orta mekdebiň mugallymy Gurbanmämmet Söýünjow, ikinji orna Bereket etrabyndaky 15-nji orta mekdebiň mugallymy Jänegül Gurbanowa, üçünji orna welaýat teleradio studiýasynyň gepleşikleri gurnaýjysy we taýýarlaýjysy Näzgül Annagulyýewa mynasyp boldular.
Hekaýalar boýunça baş baýrak Balkanabat şäherindäki 9-njy orta mekdebiň mugallymy Taganmyrat Mämiýewe gowşuryldy. Birinji orna welaýat saglygy dikeldiş okuw-terbiýeçilik toplumynyň mugallymy Güýçnazar Täşliýew, ikinji orna Etrek etrabyndaky 3-nji orta mekdebiň mugallymy Dörtguly Tagandurdyýew, üçünji orna şol etrapdaky 5-nji orta mekdebiň mugallymy Akbäbek Garaýewa mynasyp görüldi.
Makalalar boýunça baş baýraga Bereket etrabynyň ýaşaýjysy Hangylyç Tagangylyjow eýe bolmagy başardy. Birinji orun Bereket etrap hassahanasynyň lukmany Berdigylyç Mämmedowyň, ikinji orun Balkanabat şäherindäki ýöriteleşdirilen 23-nji orta mekdebiň mugallymy Garaja Hudaýberdiýewiň, üçünji orun «Balkangazüpjünçilik» müdirliginiň «Gyzylarbatetrapgaz» gaz hojalyk edarasynyň içerki gullugynyň ussasy Muhammet Muhammedowyň paýyna düşdi.
Ýeňijiler bilen birlikde bäsleşige gatnaşanlaryň ählisine hem Hormat hatlarynyň we sowgatlaryň gowşurylan dabarasynda edilen çykyşlarda akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň şan-şöhratyny dünýä dolduran, döredijilik işgärleri üçin ajaýyp şert-mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden çykýan alkyş we hoşallyk sözleri aýdyldy.
Aşyrberdi GURBANOW,
«Balkan».
"Balkan" welaýat gazeti, 19.12.2024