17.12.2024 Täzelikler133

Usuly işler kämilleşýär


Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe bilimiň, ylmyň, tehnikanyň we tehnologiýanyň güýçli depginler bilen ösmegi, okatmagyň ýokary netijeli innowasion tehnologiýalarynyň okuw-terbiýeçilik işlerine giňden ornaşdyrylmagy umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmek arkaly ösüp gelýän ýaş nesle berilýän bilimiň hilini ýokarlandyrmagy we mazmunyny yzygiderli baýlaşdyrmagy möhüm wezipeler hökmünde öňde goýdy. Jemgyýetiň ösüşiniň häzirki zaman şertleri ýurdumyzyň bilim ulgamynyň ähli derejelerinde sanly tehnologiýalardan netijeli peýdalanyp, dünýäniň öňdebaryjy tejribelerinden ugur alyp, okatmakda, pedagogik işgärleri taýýarlamakda we olaryň hünär derejesini ýokarlandyrmakda giň gerimli ulgamlaýyn özgertmeleri geçirmegi, umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini yzygiderli kämilleşdirmegi talap edýär.

Ýurdumyzyň ähli pudaklarda bolşy ýaly, bilim ulgamynda hem hünär derejesini ýokarlandyrmak işine aýratyn üns berilýär. Aşgabat şäher we welaýat Baş bilim müdirlikleriniň ýanynda döwlet umumybilim edaralarynyň mugallymlarynyň we mekdebe çenli çagalar edaralarynyň terbiýeçileriniň hünär derejesini ýokarlandyryş merkezleriniň açylmagy munuň aýdyň şaýady bolup durýar.

Pedagogik işgärleriniň hünär derejesini ýokarlandyrmak işi boýunça durmuşa geçirilýän aýdyň maksatly işlerden ugur alyp, Balkan welaýat Baş bilim müdirliginiň ýanyndaky döwlet umumybilim edaralarynyň mugallymlarynyň we mekdebe çenli çagalar edaralarynyň terbiýeçileriniň hünär derejesini ýokarlandyryş merkezinde okuw-terbiýeçilik işlerini döwrebap guramak boýunça birnäçe işler alnyp barylýar, usuly-amaly okuwlar, maslahatlar yzygiderli geçirilýär.

Häzirki wagtda Balkan welaýat Baş bilim müdirliginiň ýanyndaky hünär derejеsini ýokarlandyryş merkezinde geçirilen usuly-amaly okuwlara welaýatyň bilim edaralaryndan 8597 sany pedagogik işgärleri gatnaşyp, öz hünär derejesini kämilleşdirdiler. (2014-nji ýyldan 2024-nji ýyla çenli).Merkezde geçirilýän usuly-amaly okuwlarda ýaş nesle döwrebap bilim we terbiýe bermek işini talabalaýyk guramak, okuw maksatnamalary esasynda döwlet umumybilim edaralarynda ýaş nesle berilýän bilimiň hilini ýokarlandyrmak, pedagogik işgärleriniň kompýuter tehnologiýasyndan, multimediýa-interaktiw enjamlaryndan oňat baş alyp çykmaklaryny we okuw sapaklarynda bu enjamlary peýdalanmaklaryny ýola goýmak, hünär kämilleşdiriş okuwlaryny geçýän döwründe mugallymlaryň, terbiýeçileriň öz okadýan dersi boýunça täze başarnyklary we endikleri özleşdirmeklerini gazanmak maksady bilen degişli guramaçylyk we usuly işler geçirilýär. Okuwlarda her derse degişli okuw maksatnamalarynyň, elektron gollanmalaryň, bilim ulgamyna degişli düzgünnamalaryň, usuly-gözükdiriji hatlaryň, derslere degişli taýýarlanylan prezentasiýalaryň elektron nusgasy diňleýjilere paýlanylyp berildi.

Hünär ýokarlandyryş merkezinde welaýatyň pedagogik işgärleri bilen dürli bäsleşikleriň, usuly maslahatlaryň geçirilmegine hem aýratyn üns berilýär. “Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasyndan”, “Türkmenistanda daşary ýurt dillerini okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýasyndan”, “Türkmenistanda tebigy we takyk ugurlara degişli dersleri okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýasyndan”, “Türkmenistanda durmuş-ynsanperwer ylymlaryny ösdürmegiň Döwlet maksatnamasyndan”, “Türkmenistanda umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň 2028-nji ýyla çenli Konsepsiýasyndan” gelip çykýan wezipeleri durmuşa ornaşdyrmak maksady bilen “Iň gowy taýýarlanylan tanyşdyrylyş”, “ Master of test”, “Iň gowy taýýarlanylan terjimeler kitapçasy”, “Iň gowy taýýarlanylan elektron sözlük”, “Taryhy wakalaryň senenamasy”, “Iň gowy taýýarlanylan elektron okuw diwarlygy”, “Kämil usulyýet – kämil bilimiň özeni”, “Akyl giňişligi” ýaly bäsleşileriň geçirilmegi pedagogik işgärleriniň başarnygyny, döredijilik ukybyny ýüze çykarmakda uly ähmiýete eýe bolup durýar.

Juma Annamämmedow,
Balkan welaýat Baş bilim müdirliginiň ýanyndaky
döwlet umumybilim edaralarynyň mugallymlarynyň
we mekdebe çenli çagalar edaralarynyň terbiýeçileriniň
hünär derejesini ýokarlandyryş merkeziniň müdiri.



iicmet.gov.tm

Tmpedagog