Aşgabat ÝUNESKO-nyň döredijilik şäherleriniň toruna girizildi
Ýakynda türkmen halky ýene-de bir ajaýyp wakanyň şaýady boldy. Birleşen Milletler Guramasynyň Fransiýa Respublikasynyň Pariž şäherinde ýerleşýän Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasynyň merkezi edarasyndan hoş habar gelip gowuşdy. Şäherleriň bütindünýä gününde paýtagtymyz Aşgabat şäheriniň «Dizaýn» ugry boýunça ÝUNESKO-nyň döredijilik şäherleriniň toruna girizilýändigi babatda ÝUNESKO-nyň Baş direktorynyň çözgüdi yglan edildi.
Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň başlangyjy bilen Aşgabat şäheri ýurdumyzda ÝUNESKO-nyň döredijilik şäherleriniň toruna hem-de Merkezi Aziýa sebitinden bu tora «Dizaýn» ugry boýunça goşulan ilkinji şäherdir.
Aşgabat giň gerimli dizaýnerçilik çözgütleri ornaşdyrylan şäherdir. Oguzhan köşkler toplumy, Bagt köşgi, «Älem» medeni-dynç alyş merkezi, beýikligi 25 metre barabar bolan «Ak şäherim Aşgabat» atly bina ýaly onlarça binalar Aşgabady ösdürmegiň täzeçil şähergurluşyk konsepsiýasynyň aýdyň nusgalarydyr. Şäheriň gurluşynyň örän tertipliligi, kompozisiýasyndaky sazlaşyk, millilik, estetika, täzeçillik olaryň dizaýn sungatynyň ösen derejesini görkezýär.
Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda ýerleşýän Aşgabat — adamlaryň rahat we amatly ýaşaýyş şertleri döredilen şäher, döwrebaplygyň nusgasy. Aşgabady gurmagyň maksatnamasy tapgyrma-tapgyr amala aşyrylýar. Şonuň esasynda hem gözümiziň alnynda täze, döwrebap şäher döreýär. Bu gün Aşgabat ösen infrastrukturaly ykdysady, syýasy, ylym-bilim we medeni merkez hökmünde dünýä nusgalykdyr.
Amanşeker Aşyrowa,
Aşgabat şäheriniň ýöriteleşdirilen
72-nji orta mekdebiniň müdiri.
"Türkmenistan Sport" Halkara žurnalynyň
elektron goşundysy, 27.11.2023