23.11.2023 Täzelikler265

Dil bilmek — döwrüň talaby


Ýurdumyzda bilim ulgamynda ýaş nesliň daşary ýurt dillerini kämil derejede özleşdirmeklerine aýratyn ähmiýet berilýär. Şundan ugur alnyp, «Türkmenistanda daşary ýurt dillerini okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýasy» tassyklandy we ol häzirki wagtda üstünlikli durmuşa geçirilýär. Onda daşary ýurt dillerini okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmäge, täze, innowasion usullary işläp taýýarlamaga we okuw işine ornaşdyrmaga uly üns berilýär. Eziz Diýarymyzyň bilim edaralarynyň aglabasynda daşary ýurt dillerini okatmaga ýöriteleşdirilen, kämil kompýuter tehnologiýalary bilen enjamlaşdyrylan lingafon okuw otaglary döredildi. Bu okuw otaglary kämil enjamlar we daşary ýurt dilini öwretmek hem-de öwrenmek üçin zerur bolan tehnologiýalar bilen üpjün edildi.

Umumybilim berýän orta mekdeplerde rus diliniň hem öwredilmegi ýaş nesle bu dildäki edebiýatlar bilen tanyşmaga, rus dilinde erkin gepläp bilmäge we pikirini beýan etmäge ýardam berýär. Rus dilini okatmagyň döwrebap usullaryny peýdalanmak bilen, ýaşlara berilýän bilimiň hilini ýokarlandyrmak boýunça işler alnyp barylýar.

Biziň mekdebimizde hem okuwçylara rus dilini kämil derejede öwretmek sapakdan daşary geçirilýän işler bilen utgaşdyrylýar. Bu ugurdan rus edebiýatynyň agşamlaryny ýygy-ýygydan geçirip durýarys. Olarda okuwçylar rus edebiýatynyň görnükli wekilleriniň goşgularyny okaýarlar, ertekileri sahnalaşdyrýarlar.

Meşhur söz ussatlarynyň rus dilindäki terjimeleri hem okuwçylary gyzyklandyrýar. Bu bolsa olaryň edebi terjime bilen hem belli bir derejede tanyşmaklaryna ýol açýar.

Gurbantäç BAGYÝEWA,
Balkanabat şäherindäki ýöriteleşdirilen
2-nji orta mekdebiň rus dili mugallymy.

"Balkan" welaýat gazeti, 23.11.2023

Tmpedagog