26.10.2023 Täzelikler471

Halypadan öwren, şägirde öwret!


Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyz we Arkadagly Gahryman Serdarymyz ýaş nesiller, olaryň durnukly bilim almagy hakynda hem-de ýurdumyzyň bilim ulgamynyň yzygiderli kämilleşdirilmegi barada tagalla edýärler. Bu bolsa Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylymyzda ýurdumyzyň bilim ulgamynyň ösüşlere beslenmegini üpjün edýär. Bilim ulgamynyň ösüşini üpjün etmekde öňdebaryjy iş tejribeleriň öwrenilmegi, ýaýradylmagy, innowasion tehnologiýalardan peýdalanylmagy, halypa-şägirt gatnaşyklary hem möhüm ähmiýete eýedir.

Elbetde, her bir mugallym özüniň zähmet ýolunyň başlangyjynda we dowamynda kärine ussat, halypa mugallymlardan öňdebaryjy tejribeleri, işjeň usullary öwrenýär. «Şägirt halypadan ozdurmasa, kär ýiter» diýlişi ýaly, tejribeli, hünärine ussat mugallymlaryň döredijilikli, tutanýerli zähmeti, göreldesi, iş tejribesi kärdeşleri, aýratyn-da ýaş mugallymlar üçin nusgalyk mekdep bolmalydyr. Şu nukdaýnazardan, mugallymçylyk käriniň inçe syrlaryny öwretmek, ýaş mugallymlara halypaçylyk etmek, halypa-şägirt gatnaşyklaryny ýola goýmak we ýaýbaňlandyrmak boýunça mekdeplerde ençeme işler alnyp barylýar.

Ýakynda Baýramaly şäher bilim bölüminiň ýörite meýilnamasy esasynda bilim bölüminiň usuly merkezi tarapyndan şäheriň daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen 5-nji orta mekdebinde «Halypadan öwren, şägirde öwret!» atly usuly-amaly maslahat geçirildi. Bu maslahata Baýramaly şäher bilim bölüminiň hünärmenleri, bilim işgärleri gatnaşdylar.

Maslahatda ýaş mugallymlara ýakyndan goldaw we maslahat bermek işinde ussat hasaplanýan 13-nji mekdep-internatyň müdiriniň okuw işleri boýunça orunbasary Nabat Jumaýewa iş tejribäni öwrenmekde alnyp barylýan işler, şäher bilim bölüminiň 1-nji derejeli hünärmeni Gunça Nazarowa şäheriň mekdeplerinde alnyp barylýan halypa-şägirt gatnaşyklary we bu ugurdan ýerine ýetirilen işler baradaky resminamalaryň ýöredilişi barada çykyş etdiler. Şeýle hem wideo slaýdlar görkezildi. Usuly-amaly maslahat täsirli geçdi.

Ylym-bilimi ösdürmekde, ýaşlara döwrebap bilim öwretmekde giň mümkinçilikleri döredýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag bolsun, beýik işleri rowaçlyklara beslensin!

Enebaý AGAMYRADOWA,
Baýramaly şäherindäki daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen
5-nji orta mekdebiň müdiri.

"Mugallymlar gazeti" gazeti, 25.10.2023

Tmpedagog