Galkynyşly döwrüň ylham joşguny
Mälim bolşy ýaly, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde ýurdumyzyň gazanýan üstünliklerini, mukaddes Garaşsyzlygymyzy, gül açýan Watanymyzy ýaşlaryň döredijiliginde wasp etmeklerini gazanmak hem-de mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 32 ýyllyk baýramyny dabaralandyrmak maksady bilen, «Daşoguz habarlary» gazetiniň redaksiýasy welaýat Baş bilim müdirligi, welaýat Medeniýet müdirligi, TMÝG-niň welaýat geňeşi, «Bagtyýar eýýam» hususy kärhanasy bilen bilelikde welaýatymyzyň orta mekdepleriniň okuwçylarynyň arasynda «Ýürekleri joşdurýar galkynyşly mekanym, gülleýär, gül açýar Garaşsyz Türkmenistanym!» atly türkmen, rus, iňlis dillerinde goşgy we düzme ýazmak hem-de surat çekmek boýunça döredijilik bäsleşigini yglan edipdiler.
Ýakynda welaýat Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde döredijilik bäsleşiginiň jemi jemlendi. Düzgünnama laýyklykda, eminler toparynyň gelen netijesine görä, türkmen dilinde düzme ýazmak boýunça 1-nji ýere Daşoguz şäherindäki daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen 25-nji orta mekdebiň 11-nji synp okuwçysy Suraý Söýünowa, 2-nji ýere Boldumsaz etrabyndaky 6-njy orta mekdebiň 11-nji synp okuwçysy Aýperi Ýedigärowa, 3-nji ýere şol etrapdaky 13-nji orta mekdebiň 11-nji synp okuwçysy Mähriban Aýdogdyýewa mynasyp boldular. Iňlis dilinde düzme ýazmak boýunça 1-nji ýeri Daşoguz şäherindäki daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen 1-nji orta mekdebiň 11-nji synp okuwçysy Şahisto Bekjanowa, 2-nji ýeri Daşoguz şäherindäki 34-nji orta mekdebiň 11-nji synp okuwçysy Nadira Hudaýbergenowa, 3-nji ýeri Daşoguz şäherindäki daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen 36-njy orta mekdebiň 11-nji synp okuwçysy Nartäç Kulyýewa dagy eýelemegi başardylar.
Surat çekmek boýunça 1-nji ýeri Daşoguz şäherindäki daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen 25-nji orta mekdebiň 11-nji synp okuwçysy Seýran Orazgeldiýew, 2-nji ýeri Görogly etrabyndaky daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen 65-nji orta mekdebiň 10-njy synp okuwçysy Kakamyrat Arazow, 3-nji ýeri Daşoguz şäherindäki 31-nji orta mekdebiň 5-nji synp okuwçysy Aýperi Sapaýewa eýelediler.
Türkmen dilinde goşgy ýazmak boýunça 1-nji ýere Daşoguz şäherindäki daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen 36-njy orta mekdebiň 7-nji synp okuwçysy Gülnäz Myradowa, 2-nji ýere Saparmyrat Türkmenbaşy etrabyndaky 23-nji orta mekdebiň 8-nji synp okuwçysy Begmyrat Kakajanow, 3-nji ýere Görogly etrabyndaky 21-nji orta mekdebiň 8-nji synp okuwçysy Leýli Ataýewa dagy mynasyp boldular.
Bäsleşigiň düzgünnamasyna laýyklykda, 1-nji orunlary eýelän okuwçylar «Bagtyýar eýýam» hususy kärhanasynyň okuw merkezinde bir möwsüm tölegsiz, 2-nji orunlary eýelänler 50, 3-nji orunlary eýelänler bolsa 30 göterim ýeňillikli tölegler bilen okamaga hukuk gazandylar. Ýeňijilere bäsleşigi guraýjylar tarapyndan Hormat hatlary dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.
"Daşoguz habarlary" welaýat gazeti, 19.10.2023