07.09.2023 Täzelikler174

Bilim ulgamyndaky halkara üstünlik


Türkmenistan hemişelik Bitaraplyk ýörelgelerine esaslanyp, BMG we onuň ýöriteleşdirilen edaralary bilen işjeň hyzmatdaşlyk saklaýar. Bu ugurda ýurdumyzyň ÝUNESKO bilen netijeli özara gatnaşyklaryny aýratyn bellemek zerurdyr. Ata Watanymyzyň halkara guramalar bilen hyzmatdaşlygynyň möhüm ugurlarynyň biri hökmünde bilim ulgamyna hem aýratyn ähmiýet berilýär.

— Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde, ýurdumyzda bilim ulgamyny kämilleşdirmek, ony halkara derejede ösdürmek ugrunda ägirt uly işler durmuşa geçirilýär. Bu ugurdaky gazanylýan üstünlikler bilim işgärlerini has-da netijeli zähmet çekmäge, ýaş nesilleriň bilim dünýäsine içgin aralaşmagyna uly itergi berýär. Ýaňy-ýakynda, has takygy, Bilimler we talyp ýaşlar gününde bolsa Arkadag şäherinde ýurdumyzyň orta mekdepleriniň birnäçesiniň, şol sanda Daşoguz şäherindäki iňlis dili, himiýa we biologiýa dersleri çuňlaşdyrylyp öwredilýän ýöriteleşdirilen 26-njy orta mekdebiň hem ÝUNESKO-nyň Assosirlenen mekdepler toruna girizilmegi mynasybetli halkara şahadatnamalaryň gowşurylyş dabarasy boldy. Hormatly Prezidentimiziň hut özüniň gatnaşmagynda geçirilen bu dabara ýatdan çykmajak wakalara baý boldy. Halkara şahadatnamanyň mukaddes bilim ojagymyza berilmegi geljekde hem ata Watanymyzyň bilim ulgamyna, halkara derejedäki abraý-mertebesine netijeli goşant goşmagymyzy şertlendirdi. Mälim bolşy ýaly, «ÝUNESKO-nyň Assosirlenen mekdepleri» atly taslama 1953-nji ýylda badalga alyp, ol tutuş dünýäniň bilim edaralaryny umumy maksadyň — parahatçylyk döredijilik we ynsanperwerlik gymmatlyklary ilerletmek, medeniýetleriň arasyndaky netijeli gatnaşyklary ösdürmek maksadynyň töwereginde jemleýär. Türkmenistan ÝUNESKO bilen köptaraplaýyn hyzmatdaşygy yzygiderli ösdürýär. Bu ugurda sanly bilim ulgamyny kämilleşdirmegiň çäklerinde ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde, ýagny Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde, Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynda ÝUNESKO kafedralarynyň, Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynda, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda, Türkmen oba hojalyk institutynda, şeýle-de Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynda ÝUNESKO klublarynyň açylmagy hem giň gerimli işleriň durmuşa geçirilýändiginiň aýdyň güwäsidir. Geljekde hem ýaş nesillere berilýän bilimiň hilini has-da gowulandyrmak, dünýä ülňülerine laýyk döwrebap ylym-bilim bermek ugrundaky netijeli işleri alyp barmakda zähmetimizi gaýgyrmarys. Hormatly Prezidentimiziň bilim işgärleriniň öňünde goýan jogapkärçilikli işini üstünlikli durmuşa geçirip, zehinli ýaşlary terbiýeläp ýetişdirjekdigimize hormatly Prezidentimizi tüýs ýürekden ynandyrýarys. Pajarlap ösýän ýurdumyzyň bilim ulgamyny belent sepgitlere ýetirmekde ähli tagallalary durmuşa geçirýän Gahryman Arkadagymyzyň we hormatly Prezidentimiziň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, alyp barýan ähli tutumly işleri rowaç alsyn!

Eneş HAÝDAROWA,
Daşoguz şäherindäki iňlis dili, himiýa we biologiýa dersleri
çuňlaşdyrylyp öwredilýän ýöriteleşdirilen
26-njy orta mekdebiň müdiri:

"Daşoguz habarlary" welaýat gazeti, 07.09.2023

Tmpedagog