24.08.2023 Täzelikler124 .

Türkmenabatda Bilimler we talyp ýaşlar gününe bagyşlanan sergi açyldy


Welaýat Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde Bilimler we talyp ýaşlar güni mynasybetli «Bilim ― ömrüň ganaty» atly dabaraly maslahat bilen bilelikde şanly baýram mynasybetli ýaýbaňlandyrylan wagtlaýyn serginiň açylyş dabarasy geçirildi.

Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň welaýat komiteti, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň welaýat geňeşi hem-de muzeý bilen bilelikde guralan maslahata iri jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri we ýaşlar gatnaşdylar.

Sergide Türkmenistanyň bilim ulgamynda beýik sepgitlere ýetilmegine, tehnologik ösüşlere hem-de welaýatymyzyň mekdep okuwçylarynyň we talyp ýaşlaryň halkara ders, ylmy-döredijilik bäsleşiklerinde, medeni-sport ýaryşlarynda üstünlikli çykyş edip, baýrakly orunlara mynasyp bolan bagtly pursatlaryna şaýatlyk edýän fotosuratlar ýerleşdirilipdir. Türkmenabadyň çagalar çeperçilik mekdebiniň mugallymlarynyň we okuwçylarynyň döwrebap bilim ojaklaryny şekillendirýän ýokary çeperçilik derejeli suratlary serginiň üstüni has-da ýetiripdir. Bulardan başga-da, sergide mekdep okuwçylarynyň umumy okuw dersleri boýunça kitaplary, kompýuterler we dürli okuw esbaplarydyr görkezme serişdeleri hem ýerleşdirilipdir.




jeyhun.news

Tmpedagog