24.08.2023 Täzelikler226

Göreldeli mekdepdäki göwnejaý işler


Okuwçylaryň tomusky dynç alyş möwsümi-de, täze okuw ýylyna taýýarlyk işleri-de tamamlanyp barýar. Ýurdumyzyň ähli ýerinde bolşy ýaly, welaýatymyzyň orta mekdeplerinde hem abatlaýyş işleri göwnejaý geçirildi. Olar zerur esbaplardyr enjamlar bilen üpjün edilip, okuw maksatnamalary kämilleşdirildi. Biz hem mekdeplerde alnyp barylýan işler bilen ýakyndan tanyşmak maksady bilen Çärjew etrabyndaky 11-nji orta mekdepde bolduk.

Bu bilim ojagynda ýeňil abatlaýyş we arassaçylyk işleri göwnejaý geçirilipdir. Giň howlyny bezäp oturan miwelidir saýaly baglar we güller mekdebiň görküne görk goşýar. Agaçlaryň, gülleriň düýpleri ýumşadylyp, olar birkemsiz timarlanylypdyr.

Abatlaýyş işleri doly geçirilen mekdebiň synp otaglarynyň ählisi täze okuw ýylyna taýýar edilipdir. 1117 orunlyk mekdebiň synp otaglarynyň 45-siniň 5-si birinji synp okuwçylary üçin niýetlenilipdir. Bu otaglarda ak mekdebe ilkinji gezek gadam basjak çagalar üçin ähli mümkinçilikler göz öňünde tutulypdyr. Sapaklaryň has täsirli geçmegi üçin synp otaglary zerur görkezme esbaplary bilen üpjün edilipdir. Beýleki synp otaglaryndaky partalardyr oturgyçlar, synp tagtalary, okuw-tehniki, şol sanda, multimediýa enjamlary, kompýuter, lingafon otaglary doly gözden geçirilip, olara gerek bolan tehniki hyzmatlar ýokary hil derejesinde berjaý edilipdir.

Mekdepde okuwçylary dürli gurnaklara, bedenterbiýe-sagaldyş çärelerine, sporta çekmäge uly üns berilýär. Munuň üçin bilim ojagynda giň mümkinçilikler döredilipdir. Giň naharhanada bolsa çagalaryň kadaly iýmitlenmekleri üçin ähli şertler göz öňünde tutulypdyr. Mahlasy, bu bilim ojagy täze okuw ýylyna doly taýýar edilipdir. Munuň özi mekdep okuwçylarynyň geljekde ýokary hilli bilim almaklaryna, döredijilik işleri bilen giňden meşgullanmaklaryna, beden taýdan taplanmaklaryna ýardam berer.

Mekdebi täze okuw ýylyna taýýarlamak işleri «Hakyda» burçundan, mekdep muzeýinden hem sowa geçmändir. Ýaşlara watançylyk terbiýesini bermekde uly ähmiýeti bolan muzeýi baýlaşdyrmak boýunça hem degerli işler geçirilipdir.

Gürrüňi edilýän mekdebiň 2022 ― 2023-nji okuw ýylynda Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan yglan edilen «Iň gowy mekdep» bäsleşiginiň welaýat tapgyrynda baş baýraga, döwlet tapgyrynda bolsa üçünji orna mynasyp bolmagy bu bilim ojagynyň ýurdumyzyň iň göreldeli bilim ojaklarynyň hataryndadygyndan habar berýär. Şeýle-de mekdebiň okuwçylarydyr mugallymlary ýurdumyzda geçirilýän dürli bäsleşiklere işjeň gatnaşyp, öňdäki orunlary eýelemegi başarýarlar.

― Ata Watanymyzyň häzirki bagtyýar ýaşlary ertirki gün ýurdumyzy gülledip ösdürmeli adamlardyr. Olaryň döwrebap bilim-terbiýe almaklary üçin örän amatly şertler döredilýär. Mekdebimiziň agzybir bilim işgärleri döredijilikli zähmet çekip, röwşen geljegiň berk binýadyny goýýarlar, täze okuw ýylyny taýýarlykly garşylaýarlar. Olar abadan şu günümiz, röwşen geljegimiz üçin ýadawsyz alada edýän Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimize köp sagbolsun aýdýarlar ― diýip, öňdebaryjy mekdebiň müdiri Aýsoltan Haýdarowa guwanç bilen nygtaýar.

Maral AGAMYRADOWA.
"Türkmen gündogary" welaýat gazeti, 24.08.2023

Tmpedagog