12.01.2023 Täzelikler133

Ýaşlar — biziň geljegimiz


 Ýaş nesli watançylyk ruhunda terbiýelemek, olaryň ýokary hilli bilim almagyny, döredijilik hem sport bilen meşgullanmagyny, dünýä dillerini, edebiýatyny we sungatyny öwrenmegini gazanmak ýurdumyzyň bilim işgärleriniň öňünde durýan baş wezipedir. Şeýle sogaply hem örän jogapkärçilikli işleriň durmuşa geçirilmegi üçin hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzda ähli mümkinçilikler döredilýär.  Golaýda Dänew etrabyndaky 11-nji orta mekdepde etrabyň mekdeplerinde daşary ýurt dillerini öwredýän mugallymlar üçin usuly okuw geçirildi. Onda ýaşlara dil öwretmegiň has netijeli ugurlary barada dünýä tejribelerine salgylanyp, giňişleýin gürrüň edildi. Geljegimiz bolan ýaşlar barada edýän irginsiz aladalary üçin Arkadagly Serdarymyzyň, Gahryman Arkadagymyzyň adyna alkyş sözleri aýdyldy.

Zeýnab ÝUSUPJANOWA,
Dänew etrabyndaky
33-nji orta mekdebiň mugallymy.

"Watan" gazeti, 10.01.2023.

www.turkmenmetbugat.gov.tm

Tmpedagog