24.08.2023 Täzelikler81 .

Sepgitler seljerilip, wezipeler kesgitlenildi


Ýurdumyzyň durmuş-ykdysady taýdan çalt depginler bilen ösmeginiň, jemgyýetiň medeni we ruhy-ahlak taýdan kämilleşmeginiň baş şertleriniň biri bolup durýan bilim ulgamynyň işini döwrebaplaşdyrmakda täze taryhy eýýamda hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda okgunly öňegidişlikler gazanylýar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň möhüm aýratynlygy bolup durýan bu işlere mynasyp goşant goşmakda täze okuw ýylynda öňde durýan wajyp wezipeler dogrusynda welaýatymyzyň öňdebaryjy bilim işgärleriniň maslahatynda giňişleýin gürrüň edildi.

Balkanabat şäherindäki daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen 3-nji orta mekdebiň mejlisler jaýynda «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly» diýen şygar astynda geçen maslahata gatnaşyjylar, ilki bilen, bu ýerde milli bilim ulgamynyň gazananlaryny, milli mirasymyzy açyp görkezýän sergini synladylar. Şeýle täsirli pursatlar bilen başlanan maslahatda geçen okuw ýylynyň guwandyryjy netijelerine seljerme berlip, täze 2023 — 2024-nji okuw ýylynyň möhüm wezipeleriniň üstünde giňişleýin durlup geçildi. Çykyşlarda beýan edilişi ýaly, geçen okuw ýylynda welaýat Baş bilim müdirliginiň iş meýilnamasyna laýyklykda, bilim edaralarynda alnyp barylýan okuw-terbiýeçilik işleriniň hil derejesini ýokarlandyrmak we usuly ýardam bermek maksadyndan ugur alnyp, ýylyň dowamynda toplumlaýyn işler alnyp baryldy. Bilim işgärleriniň hünär ýokarlandyryş okuwlaryna işjeň gatnaşmaklary üpjün edildi. Netijede, bilim işgärleriniň 686-sy hünär ýokarlandyryş okuwlaryna gatnaşdylar. Welaýatyň umumybilim berýän orta mekdeplerinde, mekdebe çenli we mekdepden daşary çagalar edaralarynda zehinli nesilleri ýüze çykarmakda gazanylan üstünlikler hem nygtalmaga mynasypdyr. Bilim ulgamynyň işiniň netijeliligini artdyrmakda ýetilen şunuň ýaly sepgitler bosagada duran täze okuw ýylynda gazanyljak üstünlikler bilen has-da pugtalandyrylmalydyr. Şol bir wagtda hem, «Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasyndan», «Türkmenistanda daşary ýurt dillerini okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýasyndan», «Türkmenistanda tebigy we takyk ugurlara degişli dersleri okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýasyndan» gelip çykýan anyk wezipeler täze okuw ýylynda alnyp baryljak işlerde esasy ýol görkeziji bolmalydyr.

Maslahatda welaýatymyzda bar bolan 164 sany umumybilim berýän mekdeplerde täze okuw ýylyna ähli ugurlar babatda taýýarlyk işleriniň geçirilendigi aýratyn nygtaldy. Bilim ojaklary täze okuw ýylynda ilkinji gezek ak mekdepleriň bosagasyndan ätlejek bagtyýar çagalaryň 12 müň 120-ä golaýyny gujak açyp garşylar. Şeýle-de welaýatyň çäginde 173 sany mekdebe çenli çagalar edarasy, kömekçi mekdep-internat, welaýat saglygy dikeldiş okuw-terbiýeçilik toplumy hem-de çagalyk öýi hereket edýär. 11 sany mekdepden daşary we goşmaça bilim edaralary bolup, olarda ajaýyp döwrümiziň ýaş nesillerine hünärleriň 38 görnüşi ýörite hünärmenler tarapyndan öwredilýär.

Welaýatyň etrap-şäherlerinden gelen bilim işgärleriniň täze taryhy eýýamyň bagtyýar nesillerine bilim bermekde toplan oňyn tejribeleri dogrusyndaky çykyşlaryna hem maslahatda giň orun berildi. Olaryň çykyşlary çäräniň täsirliligini has-da artdyrdy. Şeýle-de maslahatda ylymdyr bilimiň jemgyýetiň hem-de döwletiň hemmetaraplaýyn sazlaşykly ösüşini üpjün etmegiň berk binýadydygyny hemişe nygtamak bilen, ýurdumyzyň bilim ulgamynyň işiniň hil taýdan dünýä ülňülerine laýyk gelmegini gazanmakda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň badalga beren giň gerimli, ylmy esaslandyrmalara daýanýan düýpli özgertmelerini üstünlikli dowam etdirýän Arkadagly Serdarymyza hoşallyk sözleri öwran-öwran dile getirildi.

Nurmämmet Hydyrow,
«Balkan».

"Balkan" welaýat gazeti, 24.08.2023

Tmpedagog