Mekdep bazarlarynyň gyzgalaňly möwsümi
Şatlyk-şagalaňa baý bolan tomus paslynyň sapaly günlerinde ýaşlary, ylaýta-da, mekdep okuwçylaryny ýakymly aladalar gurşap alýar. Täze güýç, täze hyjuw bilen ak mekdebiň bosagasyndan ätlemek olaryň asylly arzuwlary, sabyrsyzlyk bilen garaşan pursatlary. Şol sebäpli, olaryň ýüzi mekdep bazarlaryna tarap.
Ak mermerli paýtagtymyzda, welaýatdyr etraplarymyzda, obadyr şäherçelerimizde guralan mekdep bazarlarynda okuwçy ýaşlaryň göwnünden turjak okuw esbaplarynyň, mekdep lybaslarynyň giň hatary gözüňi dokundyrýar. Milli many-mazmunda bezelen owadan ýazuw depderleri, gündelikler, okuw dersleri boýunça kartalar, şekillendiriş sungaty we çyzuw dersleri üçin albomlar, reňkli galamlar, hasaplaýyş enjamlary, kitap we depder daşlyklary görnüşleriniň köpdürlüligi we ýokary hilliligi bilen özüne çekýär.
«Altyn asyr» Gündogar bazary, «Gülüstan», «Arzuw» ýaly bazarlardyr söwda merkezlerimizde uly ýaşly mekdep okuwçylary we mekdep gapysyndan ilkinji ýola ätleýän 1-nji synp okuwçylary üçin Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň tikinçilik kärhanalarynyň we türkmen telekeçileriniň öndüren mekdep lybaslary, akja öňlükleri, şeýle-de nepis bejerilen tahýalar, zähmet we bedenterbiýe sapaklarynda geýmek üçin ýörite lybaslardyr aýakgaplar ildeşlerimiziň iň köp isleg bildirýän harytlaryna öwrüldi.
Sentýabr aýynyň birinji ongünlügine çenli işlejek mekdep bazarlaryna barýan okuwçy jigilerimize Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylymyzda başlanjak täze okuw ýylynda hem uly üstünlikleri gazanyp, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe zamanabap bilimli, Garaşsyz ýurdumyzy geljekki ösüşlere alyp gitjek hünärmenler bolup ýetişmegini arzuw edýäris.
«7/24.tm»
"Türkmenistan Sport" Halkara žurnalynyň elektron goşundysy, 20.08.2023
www.turkmenmetbugat.gov.tm