Synaglar guramaçylykly geçirilýär
Mekdep her bir adam üçin hemişelik hakydada galýan ýatlamadyr. Ders synaglary okuwçylar üçin bilimleri kämilleşdirmegiň esasy bolýar. Synaglaryň talabalaýyk geçirilmegi, ilki bilen, oňa görülýän taýýarlykdan başlanýar. Synag bilim alýan okuwçylaryň her biri üçin iň bir tolgundyryjy pursatdyr. Şonuň üçin synaglara guramaçylykly taýýarlyk onuň sazlaşykly we kadaly ýagdaýda geçmegini üpjün edýär.
Mekdebiň mugallymlary synpdan-synpa geçiriş we gutardyş synaglaryny geçirmek üçin netijeli taýýarlyk görýärler. Okuwçylar geçen döwrüň dowamynda özleşdiren bilimleriniň derejesini gaýtadan synap görýärler, geçilenleri gaýtalaýarlar. Ýatda saklamaly ýerlerine aýratyn üns berýärler. Öňki alnan bilimleri täzeden aňlarynda dikeltmeli bolýarlar. Taýýarlyk döwründe okuwçylar geçenlerini birlaý gaýtalap çykmaly bolýar. Şeýle taýýarlykdan soň olaryň ýokary baha alýanlary köp bolýar. Şonuň üçin, ilki bilen, jemleýji synaglaryň nähili görnüşde alynýandygyny nazara almak bilen, mekdepde taýýarlyk işleri geçirilýär.
Synaglaryň geçirilýändigini duýdurýan ýazgylar, uçurymlara ak ýol arzuwlaryny alamatlandyrýan şekiller we ýazgyly diwarlyklar mekdebiň dälizlerinde we okuw otaglarynda asylyp goýulýar. Synpdan-synpa geçiriş synaglary üçin bolsa, synag sowalnamalary, tekstler öňünden degişli gollanmalara salgylanmak bilen gözden geçirilmeli. Dilden alynýan synaglarda dogry hem-de düşnükli jogaplara aýaratyn üns berilmelidir. Şonuň üçinem okuwçylaryň özbaşdak taýýarlyk döwrüni nähili geçirmelidigi hakynda ata-eneler bilen maslahatlaşylýar. Okuw ýylynyň ahyrynda geçirilen ata-eneler ýygnagynda okuwçylaryň synaglara taýýarlygyny guramaga gatnaşmak we gözegçilik etmek barada pikir alşylýar. Synagyň şowsuz netijeleri çagalara örän ýakymsyz täsir edýär. Şoňa ýol berilmezligi üçin bolsa, iňňän dykgatly taýýarlyk görülmegi gerek.
Synag alynýan otagyň oňaýly gurşawy öňünden seljerilmelidir. Munuň özi synag wagtynda synag tabşyrýanlaryň ünsüniň bir ýere jemlenmegini doly derejede üpjün etmelidir. Synag tabşyrýanlaryň synagy talabalaýyk tabşyrmaga gezek gelende synagçy mugallymlary, synp ýolbaşçylary, halypalary olar bilen duşuşyp, ynam döretmelidirler. Mekdebimizde synag döwrüniň psihologik tarapyna seredip, hut şeýle ýörelgäni esas edinýäris.
Mekdebiň uçurymlarynyň öz bilim alan ýerlerini hemişe durmuşyň synag mekdebi hökmünde kabul etmeklerini gazanmak, biz — mugallymlara baglydyr. Okuw ýylynyň ahyryndaky jemleýji we döwlet synaglaryna gowy taýýarlykly gelmek üçin tagallamyzy gaýgyrmaýarys. Şol işler degerli netije berer diýip ynanýarys. Döwlet synaglaryny ýokary derejede geçirip, bu jogapkärçilikli çäräni maksadalaýyk jemlemek möhüm wezipedir.
Gülnara ATAGULOWA,
Tejen etrabyndaky
36-njy orta mekdebiň müdiri.
"Mugallymlar gazeti", 29.05.2023