30.05.2023 Täzelikler85 .

Ýokary taýýarlyk — oňyn netije


Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ylym-bilim ulgamy ösüşlere beslenýär. Ata Watanymyzda ýaş nesilleriň hemmetaraplaýyn sazlaşykly ösmegi, aň-bilim mümkinçilikleriniň ýokarlanmagy üçin uly işler durmuşa ornaşdyrylýar. Bilim ulgamyna sanly serişdeleriň, ösen innowasion tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy ýaş nesillere berilýän bilimiň çuň bolmagy üçin ähmiýetlidir.

Şu günler ýurdumyzyň orta mekdeplerinde synpdan-synpa geçmek synaglary dowam edýär. Okuwçylaryň synaglara uly taýýarlyk görendigi olaryň sowalnamalara berýän jogaplaryndan hem görünýär.

Okuw ýylynyň ahyrynda mugallymlar okuwçylara ýyl boýy öwrenenlerini gaýtaladyp, synaglara oňat taýýarlykly gelmeklerine ýardam etdiler.

Okuwçylaryň ýokary derejede taýýarlykly gelmegi üçin gutardyş synaglaryna taýýarlyk döwründe mugallymlar bilen ata-eneleriň işjeň hyzmatdaşlygynyň uly ähmiýeti bar. Mekdebi tamamlaýan uçurymlar ders bilen baglanyşykly maglumatlary, temalaryň mazmunyny beýan edende, olaryň dürs jogap bermekleri üçin has täsirli usullardan peýdalanmaklaryny gazanmaly.

Mekdepde synag alynjak otaglarda okuwçylaryň ünsüni sowjak zatlaryň aýrylyp, synag tabşyrýan dersine degişli esbaplaryň bolmagy möhümdir. Uçurymlaryň synaglara bökdençsiz, işjeň gatnaşmaklaryny gazanmak mugallymlaryň başarnygyna bagly bolup durýar. Synaglara talabalaýyk taýýarlanylanda, oňyn netijeleri berýär.

Mekdep okuwçylarynyň döwrebap synp otaglarynda bilim alyp, döwrüň kämil ýaşlary bolup ýetişmekleri üçin uly tagallalar edýän hormatly Prezidentimiziň jany sag bolsun, döwlet ähmiýetli işleri rowaçlyklara beslensin!

Ejegül ANNAGULYÝEWA,
Türkmenbaşy etrabyndaky
3-nji orta mekdebiň mugallymy.

"Mugallymlar gazeti", 29.05.2023

Tmpedagog