21.05.2023 Täzelikler83

Okuwçylarynyň arasynda döredijilik bäsleşigi geçirildi


Hojambaz etrabyndaky 25-nji orta mekdepde etrap bilim bölüminiň hem-de Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň etrap geňeşiniň bilelikde guramaklarynda döredijilik bäsleşigi geçirildi.

Bäsleşige etrapdaky orta mekdepleriň ýokary synp okuwçylary gatnaşdylar. Okuwçylar bäsleşigiň şertlerine görä, surat çekmek, goşgy düzmek, düzme ýazmak boýunça bäsleşdiler.

Netijede, etrapdaky 11-nji orta mekdebiň 9-njy synp okuwçysy Aýsona Akmyradowa, 12-nji orta mekdebiň 10-njy synp okuwçysy Sülgün Şatlykowa, 8-nji orta mekdebiň 8-nji synp okuwçysy Bagtyýar Rahmankulyýew dagy ýeňiji diýlip yglan edildi.

Bäsleşikde ýeňiji bolan okuwçylara guramaçylar tarapyndan Hormat hatlary we ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy.




jeyhun.news

Tmpedagog