12.05.2023 Täzelikler411

Ýaş nesliň ukyp-başarnyklary ösdürilýär


Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýaş nesliň ylymly-bilimli bolmaklary ugrunda netijeli işler durmuşa geçirilýär. Şunda umumybilim berýän mekdeplerde bilimi kämilleşdirmäge aýratyn ähmiýet berilýär. Ýurdumyzyň umumybilim berýän mekdeplerinde ýaşlary ylma-bilime ugrukdyrmakda saýlama okuwlary, ylym-bilim boýunça ders bäsleşikleri, döredijilik we taslama bäsleşikleri guralýar, mekdep gurnaklary, döredijilik birleşmeleri hereket edýär.

Mugallym saýlama okuwlarynda esasy okuw sapaklaryndan başga-da höwesli okuwçylary jemläp, tassyklanan meýilnama esasynda hepdede bir sagat sapak guraýar. Bu okuwlar guralanda okuwçylar bilen sowal-jogap alyşmak mugallymyň ussatlygyna baglydyr. Şunda okuwçylaryň özara bäsleşikleri gyzykly we şüweleňli ýola goýuldygyça işiň netijesi aýdyň ýüze çykýar.

Umumybilim berýän mekdeplerde geçirilýän ders bäsleşikleri okuwçylarda ýaşlygyndan ylmy işlere bolan höwesi oýarýar. Ders we taslama bäsleşikleriniň geçirilmegi, ilkinji nobatda, okuwçyda bilimleri özbaşdak ele almaga itergi berýär. Mekdep gurnaklary okuwçylaryň ukypdyr başarnyklarynyň ýüze çykmagy üçin örän ähmiýetlidir.

«Şowly bije» atly geçirilýän bäsleşik okuwçylaryň bilimini, düşünjeliligini artdyrýar. Onda dürli we köpugurly düzülen sowallara jogap bermek, interaktiw tagtada görkezilen ýumuşlaryň dogry çözgüdini ilkinji bolup aýtmak, ady tutulan gahrymanlaryň haýsy eserdendigini bilmek ýa-da eserden bir bölek okap, haýsy eserdendigini soramak... ýaly ýumuşlar ýerine ýetirilýär. «Şowly bijä» gatnaşyp, ýeňiji bolan okuwçylara I, II, III orunlar bellenilip, ýeňijiler höweslendirilýär. Bu işler okuwçylarda asylly sypatlary kemala getirýär.

Ýurdumyzyň orta mekdeplerinde okuwçylar bilen alnyp barylýan şeýle işler ýaş nesliň her bir ders boýunça ukypdyr başarnyklarynyň kemala gelmegine oňaýly täsir edýär.

Şasenem ÄRNAZAROWA,
Türkmenabat şäherindäki ýöriteleşdirilen
15-nji orta mekdebiň mugallymy.

"Mugallymlar gazeti" gazeti, 10.05.2023

Tmpedagog