05.05.2023 Täzelikler102 .

Okuw maslahaty üstünlikli geçirildi


Ýurdumyzda bilim ulgamyny has-da kämilleşdirmek üçin döwlet tarapyndan giň gerimli işler amala aşyrylýar. Bilim ulgamynyň ösüşini gazanmaga, ýaşlaryň bilim almagy üçin zerur şertleri döretmäge gönükdirilen beýik işler durmuşa geçirilýär. Şol işler ýaş nesli döwrebap bilimli edip terbiýelemekde öz beýanyny tapýar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwri eziz Diýarymyzy mundan beýläk-de belent derejelere ýetirmekde öňde durýan wezipeler, il-ýurt bähbitli işler, gazanylýan üstünlikler bizi geljege has ynamly hem aýgytly gadam urmaga borçlandyrýar. Munuň özi ýokary taýýarlykly, kämil hünärmenleri taýýarlamagyň zerurdygyny görkezýär.

Häzirki wagtda ýurdumyzda bilim ulgamynda ýetilen sepgitler, gazanylan üstünlikler has-da ýokarlanyp, uly rowaçlyklara beslenýär. Häzirki ajaýyp döwrümizde kämil hünärmenlere aýratyn üns berilýär. Munuň özi her bir adamda asylly maksatlaryň bolmagyny, her bir şahsyýetiň kämilleşmegini şertlendirýär. Kämil bolmak üçin yzygiderli okamak, tejribe alyşmak, özara maslahatlaşmak, işe döredijilikli çemeleşmek zerur.

Ýakynda Ahal welaýat Baş bilim müdirliginiň ýanyndaky döwlet umumybilim edaralarynyň mugallymlarynyň we mekdebe çenli çagalar edaralarynyň terbiýeçileriniň hünär derejesini ýokarlandyryş merkezi Türkmenistanyň Milli bilim instituty bilen bilelikde Kaka etrabyndaky 14-nji orta mekdepde «Welaýatyň tebigy bilimler we takyk ylymlar ugruna degişli dersleri çuňlaşdyryp öwredýän ýöriteleşdirilen mekdeplerinde okuw dersleriniň okadylyşy we usuly işleriň ýola goýluşy» atly usuly-amaly okuw geçirdi. Mekdebiň mugallymlarynyň, okuwçylarynyň aýdym-sazly, güler ýüzli garşylamagy usuly-amaly okuwa gatnaşyjylarda uly täsir galdyrdy. Geçirilýän çäräniň meýilnamasyna laýyklykda, tebigy we takyk ugurly dersleri çuňlaşdyryp öwredýän ýöriteleşdirilen mekdepleriň mugallymlary ýörite sergi guradylar. Bu sergini synlanyňda, geçilýän her bir sapagyň täsirli bolmagy üçin çekilýän zähmetiň az däldigine göz ýetirýärsiň. Usuly-amaly okuwyň dowamynda Kaka etrabynyň tebigy bilimler ugruna degişli dersleri çuňlaşdyryp öwredýän ýöriteleşdirilen 16-njy orta mekdebiniň mugallymlary Mähri Kömekowanyň, Mähri Hydyrgulyýewanyň, Emine Taganowanyň guran göreldeli sapaklary has-da täsirli boldy.

Ýaş nesle bilim we terbiýe bermekde umumybilim edaralarynda okadylýan sapaklaryň her biriniň ähmiýeti uludyr. Bu, ilkinji nobatda, mugallymlaryň ol ýa-da beýleki temany geçmek bilen, öňde goýan maksadyna ýetmek üçin oňa döredijilikli çemeleşişine, şonuň netijesinde bolsa, okuwçylarda sapaga, öwrenilýän tema gyzyklanma döredip bilşine baglydyr. Şu nukdaýnazardan, etrabyň takyk ylymlar ugruna degişli dersleri çuňlaşdyryp öwredýän ýöriteleşdirilen 21-nji orta mekdebiniň mugallymlary Juma Aşyrowyň, Nurýagdy Annadurdyýewiň, şeýle-de 9-njy orta mekdebiň mugallymy Ussat Poladowyň işjeň usulda guran açyk sapaklary täsirli boldy.

Döredijilikli, işjeň usulda guralan açyk sapaklar mugallymyň ýaşlara döwrebap bilim bermek üçin çekýän zähmetiniň aýdyň subutnamasydyr. Ýaşlaryň Watanymyza, il-günümize wepaly adamlar bolup ýetişmegine, her bir işde öz şahsy jogapkärçiligini duýýan, ulyny hormatlaýan, kiçini sylaýan nesliň kemala gelmegine aýratyn ähmiýet berilýär. Döwrebap özgertmeler, il-ýurt bähbitli beýik işler ýurdumyzyň bilim ulgamynyň kämilleşdirilmegini, bilimli, giň dünýägaraýyşly nesilleriň terbiýelenmegini üpjün edýär. Şeýle maksat bilen geçirilýän çäreler bilim işgärleriniň täsirli tejribe alşyp, döredijilikli işlemeklerine uly itergi berýär.

«Welaýatyň tebigy bilimler we takyk ylymlar ugruna degişli dersleri çuňlaşdyryp öwredýän ýöriteleşdirilen mekdeplerinde okuw dersleriniň okadylyşy we usuly işleriň ýola goýluşy» atly usuly-amaly okuw maslahatynyň çäginde Türkmenistanyň Milli bilim institutynyň hünär kämilleşdiriş bölüminiň müdiri, biologiýa ylymlarynyň kandidaty, dosent Sapargeldi Durdyýewiň, tebigy we takyk bilimler bölüminiň baş ylmy işgäri, biologiýa ylymlarynyň doktory Maral Akyýewanyň, hünär kämilleşdiriş bölüminiň uly ylmy işgäri Myrat Ýarbazowyň täsirli çykyşlary hem-de etrabyň 12-nji orta mekdebiniň okuwçylarynyň aýdym-sazly çykyşlary hem täsirli boldy. Bilim berlişiniň hil derejesiniň halkara ülňülerine gabat getirilmegi, okuw-terbiýeçilik işiniň ýokary derejede alnyp barylmagy esasy talaplaryň biri bolup durýar. Ýaş nesle ýokary hilli bilim we terbiýe bermäge döredýän mümkinçilikleri üçin hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden buýsanjymyzy beýan edýäris. Arkadagly Serdarymyzyň jany sag bolsun, beýik işleri rowaçlyklara beslensin!

Gülsoltan ANNAGULYÝEWA,
«Mugallymlar gazeti»

"Mugallymlar gazeti" gazeti, 03.05.2023

Tmpedagog