26.04.2023 Täzelikler144

“Magtymgulynyň älemi” ady bilen geçirilen şygyr bäsleşigi


Türkmenistanyň B.Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasy ýaňy-ýakynda Aşgabat şäheriniň 76-njy orta mekdebinde akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň şygyrlary we ol şygyrlaryň many-mazmunyny ýaş nesillere ýetirmek maksady bilen “Magtymgulynyň älemi” ady bilen okuwçylaryň arasynda şygyr bäsleşigini geçirdi. Bäsleşige gatnaşan ýaşajyk şahyrlar akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň terbiýeçilik ähmiýetli şygyrlaryny uly höwes bilen labyzly aýdyp berdiler. Şeýle-de Pyragynyň şygyrlaryndan nusga alyp, ýaşajyk kalplaryndan dörän öz ýazan şygyrlary esasynda bäsleşdiler. Ýeňijilere kitaphanamyzyň hünärmenleri tarapyndan taýýarlanan sowgatlar gowşuryldy. Magtymguly Pyragynyň şygyrlar çemenini özünde jemleýän kitaplar esasynda gurnalan göçme kitap sergisi hem döredijilik dünýäsine täze gadam basan ýaşajyk şahyrlarda uly täsir galdyrdy.

Söhbetdeşligiň ahyrynda nusgawy edebiýatymyzyň görnükli wekilleriniň ömri we döredijiligini ýaş nesillerimize giňişleýin wagyz etmäge, şeýle-de ýaş nesilleriň zehini açyp görkezmäge giň mümkinçilikleri döredip berýän, halkymyzy Pyragynyň arzuwlan ajap eýýamynda ýaşadýan Arkadagly Serdarymyza alkyş sözleri beýan edildi.




medeniyet.gov.tm

Tmpedagog