“Parahatçylygyň ýaş çaparlary” atly akyl-paýhas bäsleşiginiň II möwsüminiň 2-nji oýny geçirildi
Şu gün türkmen diplomatiýasynyň milli mekdebi bolan Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda hereket edýän Ýaş diplomatlar mekdebiniň guramagynda “Parahatçylygyň ýaş çaparlary” atly akyl-paýhas bäsleşiginiň II möwsüminiň 2-nji oýny geçirildi.
Bäsleşik 5 menzilden ybarat bolup, oýun “Gadymy Hytaý siwilizasiýasy — antik döwrüniň birleşdiriji kuwwaty” temasy boýunça geçirildi. Akyl-paýhas bäsleşigine ýurdumyzyň zehinli okuwçylaryndan 16-sy gatnaşdy. Bäsleşigiň netijesinde 4 sany okuwçy bäsleşigiň indiki tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazandy.
Başleşigiň 3-nji menzilinde soraglar we jogaplar iňlis dilinde alnyp baryldy. Bu bolsa mekdep okuwçylarynyň dil baýlygyny artdyrmaga ýardam berdi.
Bäsleşigiň indiki tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazanan okuwçylar:
Mekan Agahanow (Aşgabat şäherindäki 16-njy orta mekdebiniň 11-nji synp okuwçysy);
Anwar Bekçanow (Daşoguz welaýatynyň Daşoguz şäheriniň 24-nji orta mekdebiniň 10 -njy synp okuwçysy);
Gülsere Garryjaýewa (Balkan welaýatynyň Balkanabat şäheriniň iňlis dili, fizika, matematika derslerini çuňlaşdyryp öwredýän ýöriteleşdirilen 22-nji orta mekdebiniň 11-nji synp okuwçysy);
Güljan Serdarowa (Mary welaýatynyň Mary şäheriniň iňlis dili we ynsançylyk ugurly okuw derslerini çuňlaşdyryp öwredýän ýöriteleşdirilen welaýat mekdebiniň 10-njy synp okuwçysy);
Kakageldi AKMYRADOW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby.
Çeşme: ashgabat.in