26.04.2023 Täzelikler103

Matematika mugallymlary tejribesini kämilleşdirdiler


Lebap welaýat Baş bilim müdirliginiň ýanyndaky bilim işgärleriniň hünär derejesini ýokarlandyryş merkezinde orta mekdepleriň matematika mugallymlarynyň bir topary öz iş tejribelerini kämilleşdirdi.

Mugallymlar ýaşlara berilýän bilimiň hilini ýokarlandyrmak bilen baglanyşykly nutuklary diňlediler we birek-birek bilen tejribelerini paýlaşdylar, şeýle-de Türkmenabat şäheriniň gözel ýerlerinde gezelençde boldular.

Bu ýerde tejribeli hünärmenler sapaklary guramagyň, innowasion tehnologiýalardan netijeli peýdalanmagyň usullary, ýaşlara watançylyk terbiýesini bermegiň ýollary bilen baglanyşykly göreldeli okuwlary guraýarlar.




jeyhun.news

Tmpedagog