22.04.2023 Täzelikler236

Açyk gapylar güni


Ak bugdaý etrabyndaky takyk ugurly we iňlis dili okuw derslerini çuňlaşdyryp öwredýän ýöriteleşdirilen 45-nji orta mekdepde açyk gapylar güni geçirildi. Onda ösüp gelýän ýaş nesle milli ruhda bilim-terbiýe bermek, bilim işgärleriniň hünär ussatlygyny açyp görkezmek, öňdebaryjy iş tejribelerini öwrenmek hem-de ýaýratmak maksat edinildi.

Açyk gapylar gününde göreldeli sapaklaryň birnäçesi guraldy. Türkmen dili we edebiýaty mugallymy Arzygül Mämmedöwezowanyň, başlangyç synp mugallymy Ýazjahan Babaýewanyň, taryh mugallymy Humaý Amanlyýewanyň, matematika mugallymy Gülaýym Gurdowanyň, rus dili we edebiýaty mugallymy Laçyn Mämmedowanyň, ýaşaýyş durmuş esaslary mugallymy Jennet Haýytowanyň, iňlis dili mugallymy Gülaýym Narlyýewanyň, fizika mugallymy Suraý Täçmämmedowanyň degişli synplarda geçen sapaklary has-da täsirli boldy.

Göreldeli sapaklar bilim işgärleriniň hünär we döredijilik başarnyklaryny, täzeçillige ýugrulan gözleglerini äşgär görkezdi. Açyk gapylar gününiň çäginde guralan giň göwrümli sergiler özüne çekiji boldy.

Meýlis MÄMMEDALYÝEW,
Ak bugdaý etrabynyň bilim bölüminiň müdiriniň orunbasarynyň wezipesini ýerine ýetiriji

"Ahal durmuşy" welaýat gazeti, 19.04.2023

Tmpedagog