19.04.2023 Täzelikler252

Bir mekdepden 11 okuwçy döwlet bäsleşikleriniň ýeňijisi boldy


«Altyn asyryň altyn zehinleri» atly ders we ylmy-döredijilik taslama bäsleşikleriniň döwlet tapgyrynda Türkmenabat şäherindäki ýöriteleşdirilen 41-nji orta mekdebiň okuwçylarynyň 11-siniň öňdäki orunlara mynasyp boldy. Munuň özi welaýat boýunça iň ýokary netijeleriň biridir.

Has takygy, bäsleşigiň döwlet tapgyrynda informatika dersi boýunça mekdebiň 10-njy synp okuwçylary Babahan Babakulyýew bilen Şöhrat Mawlýanow ikinji, 11-nji synp okuwçysy Baýram Aşyrow üçünji, fizika dersi boýunça 11-nji synpdan Sanjar Döwranow ikinji, 10-njy synpdan Döwlet Sultanow üçünji orunlary eýelediler. Zehinli okuwçylary bäsleşige tejribeli mugallymlar Irina Hemraýewa, Meýlis Hemraýew we Hudaýguly Rahymow dagy taýýarladylar.

Şeýle hem mekdebiň tejribeli mugallymy Toýly Gurbanowyň ýolbaşçylygynda banan gabygyndan bioplastik öndürmegiň tehnologiýasyny işläp düzen okuwçylar Eziz Tagandurdyýew bilen Kerimbaý Rozybaýew ylmy-döredijilik taslama bäsleşiginiň fizika ugry boýunça döwlet tapgyrynda öňdäki üçlüge girmegi başardylar. Edil şeýle üstünligi taryh ugry boýunça Amyderýanyň suw ulaglarynyň taryhy babatda gözlegleri geçiren okuwçylar Maral Haýytjanowa bilen Gadam Ýolamanow (ýolbaşçysy Merdan Haitow), himiýa ugry boýunça «Tejribehana» atly ykjam goşundysyny işläp taýýarlan okuwçylar Aýbölek Annageldiýewa bilen Enejan Allagulyýewa (ýolbaşçysy Sabina Rozyýewa) dagy hem gazandylar.

Okuwçylar Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Hormat hatlaryna we gymmat bahaly sowgatlara mynasyp boldular.




jeyhun.news

Tmpedagog