16.04.2023 Täzelikler54 .

Akyldar şahyryň döredijiligine bagyşlandy


Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň tassyklan meýilnamasy esasynda Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli welaýat Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň mejlisler zalynda «Arkadagly Serdar — peder dowamy, Magtymguly — asyrlaryň owazy» atly ylmy maslahat geçirildi. Oňa welaýatyň etrap-şäherlerinden şahyryň edebi mekdebini öwrenijiler, mirasgärler, mugallymlar, muzeý işgärleri, talyp ýaşlar gatnaşdylar. Maslahatyň öň ýanynda oňa gatnaşyjylar bu ýerde guralan sergini synladylar. Sergi Magtymguly Pyragynyň ömrüne we döredijiligine bagyşlanan kitaplary, gollanmalary, Gahryman Arkadagymyzyň jöwher paýhasyndan dörän eserleri, dürli döwürlere degişli milli muzeý gymmatlyklaryny öz içine alýandygy bilen myhmanlarda aýratyn täsir galdyrdy.

Ylmy maslahatda Magtymguly Pyragynyň döredijiligine, şygyrlarynyň mazmunyna bagyşlanan çykyşlara giň orun berildi. Çykyş edenler akyldar şahyryň ömri we döredijiligi, şygyrlarynyň mazmun aýratynlygy baradaky garaýyşlaryny beýan etdiler. Ýerli şahyrlar Magtymguly Pyraga bagyşlap ýazan şygyrlaryny okadylar. Ylmy maslahatyň dowamynda «Magtymguly» çeper filminden bölekler görkezildi hem-de Gündogaryň görnükli akyldary Magtymguly Pyragynyň şygryýetini öwrenmäge giň mümkinçilikleri döredýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Serdarymyza alkyş sözleri aýdyldy.

Aýjemal GAÝLYÝEWA,
Balkanabat şäherindäki daşary ýurt dillerini çuňlaşdyryp öwredýän ýöriteleşdirilen
2-nji orta mekdebiň mugallymy.

"Balkan" welaýat gazeti, 14.04.2023

turkmenmetbugat.gov.tm

Tmpedagog