«Iň eýjejik gyzjagaz — 2023»: şadyýan bäsleşigiň jemi jemlenildi
16-njy martda Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşi bilen Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň bilelikde gurnamagynda «Watan» kinokonsert merkezinde «Iň eýjejik gyzjagaz — 2023» atly şadyýan bäsleşigiň jemleýji tapgyry geçirildi. Oňa ýurdumyzyň umumybilim berýän mekzdepleriniň 2-4-nji synp okuwçy gyzjagazlary gatnaşdylar. Bu gyzjagazlaryň etrap, welaýat, şäher tapgyrlaryndan saýlanan çagalardygyny hem nygtasymyz gelýär.
Bäsleşik jemi 3 şert boýunça geçirildi. Bäsleşigiň 1-nji şertine laýyklykda, gyzjagazlar eziz Watanymyzy, bagtyýar çagalygy, dost-doganlygy, sporty wasp edýän aýdym-sazly çykyşlaryny ýerine ýetirdiler. 2-nji şertde bolsa milli egin-eşikleri geýnen, şaý-seplerimizi dakynan gyzjagazlarymyz bu milliliklerimizi şahyrana dilde wasp etdiler. Bäsleşigiň soňky şertinde bolsa gyzjagazlar ýaş aýratynlyklaryna laýyklykda milli el işlerimizi ýerine ýetirdiler.
Bäsleşikde
Mary welaýatynyň Tagtabazar etrabyndaky 3-nji orta mekdebiň 4-nji synp okuwçysy Akpamyk Satlykowa baş baýraga,
Ahal welaýatynyň Tejen etrabyndaky 35-nji orta mekdebiň 4-nji synp okuwçysy Ogulnäzik Döwletowa 1-nji orna,
Lebap welaýatynyň Halaç etrabyndaky 9-njy orta mekdebiň 4-nji synp okuwçysy Jahan Jumadurdyýewa 2-nji orna,
Aşgabat şäherindäki ýöriteleşdirilen 80-nji orta mekdebiň 3-nji synp okuwçysy Fatima Orazgeldiýewa 3-nji orna mynasyp boldular.
Ýeňijilere Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşi, Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan Hormat hatlary we ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy.
«Güneş»
"Güneş" žurnaly, 18.03.2023
www.turkmenmetbugat.gov.tm