07.01.2023 Täzelikler67

Edilen işler seljerilip, täze wezipeler kesgitlendi


 Balkanabat şäheriniň bilim işgärleriniň arasynda «Ösüp gelýän nesillerimize ata-babalarymyzyň öwüt-ündewleriniň esasynda bilim we terbiýe berlişini has-da kämilleşdirmek milli bilim ulgamynyň wajyp wezipesi bolup durýar» diýen şygar astynda ýanwar maslahaty geçirildi. Şäherdäki daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen 3-nji orta mekdepde geçirilen maslahata gatnaşyjylar ilki bilen bu ýerde guralan sergini synladylar. Döwrüň ýokary talaplaryndan ugur alyp, öz işlerine döredijilikli çemeleşýän bilim işgärleriniň iş tejribelerini açyp görkezýän sergi hemmelerde uly gyzyklanma döretdi.  Maslahatda şäheriň bilim-terbiýe ojaklarynda 2022 — 2023-nji okuw ýylynyň birinji ýarymynda Arkadagly Serdarymyzyň milli bilim ulgamynyň öňünde goýýan möhüm talaplaryndan ugur alnyp, ýaş nesle döwrebap bilim, milli ruhda terbiýe bermekde durmuşa geçirilen işlere seljerme berildi. Bilimli, arassa ahlakly, sagdyn nesilleri terbiýeläp ýetişdirmekde, okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmekde, sanly tehnologiýalardan netijeli peýdalanmakda gazanylan üstünlikler barada durlup geçildi. Şeýle-de okuw ýylynyň ikinji ýarymynda, «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda» öňde durýan wajyp wezipelere üns çekildi. Okuw işlerinde sanly serişdelerden ýerlikli peýdalanmagyň, ýerine ýetirilen işleriň elektron nusgalaryny taýýarlamagyň wajyp ähmiýeti nygtaldy. Maslahatda ýaş nesillere daşary ýurt dillerini öwretmegiň, zähmet terbiýesini bermegiň, olarda kämil edep-terbiýäni, watansöýüjiligi, ahlak arassalygyny kemala getirmegiň netijeli usullary barada öňdebaryjy bilim işgärleriniň eden çykyşlary has-da täsirli boldy.  Ýurdumyzyň bilim ulgamyny kämilleşdirmegi Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň möhüm ugurlarynyň birine öwren hormatly Prezidentimiziň adyna aýdylan alkyşly sözler maslahatda dowamly ýaňlandy.

Nurmämmet Hydyrow,
"Balkan" welaýat gazeti

www.turkmenmetbugat.gov.tm

Tmpedagog