“Bahar- köňülleriň ylhamy”
Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Büzmeýin kitaphana şahamçasynyň gurnamagynda Milli bahar baýramy mynasybetli “Bahar- köňülleriň ylhamy” ady bilen 91-nji orta mekdebiniň okuwçylarynyň gatnaşmagynda goşgy bäsleşigi geçirildi.
Bäsleşikde Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Milli bahar baýramy her ýylda ýurdumyzda uly şatlyk-şowhun dabara bilen bellenilýänligi, Nowruz baýramy halklary birek-birek bilen ýakynlaşdyrýan, ynsanperwerligi we zähmetsöýerligi ündeýän, dünýä derejesinde dost-doganlyga we parahatçylyga çagyrýan baýrama öwrülendigi şeýle-de pasyllaryň soltany bahar paslynda bellenilýän bu baýram ynsanlaryň kalbyny ruhy joşguny, gözellige halallyga söýgini döredýär. Bu ajaýyp baýramda birek-birekden öýke-kine edilmän agzybirlikde gatnaşylyp, täze egin-baş geýilýändigi we türkmen halky bu baýramy uly joşgun aýdym-sazly dabaralar bilen giňden belleýändigi barada giňişleýin gürrüň berdiler.
Bäsleşigiň dowamynda mekdep okuwçylarynyň gatnaşmagynda milli bahar paslymyzy wasp edýän goşgular ýerine ýetirdiler.
Bäsleşigiň ahyrynda halkyny bagtyýar durmuşa alyp barýan Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzy, Arkadagly Serdarymyzy janlarynyň sag, başlarynyň dik, alyp barýan işleriniň hemişe rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.
medeniyet.gov.tm