18.03.2023 Täzelikler92 .

“Magtymguly sözlär tili türkmeniň”


 Aşgabat şäher medeniýet müdürliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Durdy Gylyç adyndaky kitaphana şahamçasy hem-de Aşgabat şäheriniň 135-njy orta mekdebi bilen bilelikde gurnamagynda “Magtymguly sözlär tili türkmeniň” ady bilen göçme sergi, gurnaldy we gürrüňdeşlik çäre geçirildi.

 Gürrüňdeşlikde türkmen halkynyň beýik akyldary Magtymguly Pyragynyň ömri döredijiligi hakynda onuň pähim-paýhasa ýugrulan eserlerindäki öwüt-nesihatlar ýaş nesli ahlak taýdan terbiýelemekde, olary päk ahlakly adamlar edip ýetişdirmekde uly ýaradam edýändigini, şahyryň öz watanyňy söýmek, il-günüňi sylamak, birek-birege hormat goýmak, adamlara eliňden gelen ýagşylygy etmek, agzybir bolmak ýaly birnäçe asylly häsiýetleri ündeýän goşgulary, diňe bir türkmen halkyna däl eýsem beýleki halklaryň hem dillerinde terjeme edilip uly gollanma bolup durýanlygy, Magtymguly atamyzyň arzuw eden birligine, jebisligine ýetdigimizi, türkmen halky bu gün, bir supra jem bolup, türkmen halkynyň Milli Lideri, Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň saýasynda ajap eýýamda ýaşaýdygymyzy buýsanç bilen gürrüň berdiler.

 Gürrüňdeşligiň dowamynda gurnalan kitap sergi bilen tanyşdyryldy, sergi mekdep okuwçylarynda uly täsir galdyrdy.

 Gürrüňdeşligiň ahyrynda, Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.




medeniyet.gov.tm

Tmpedagog