05.03.2023 Täzelikler56 .

Žurnalyň ilkinji sany çap edildi


Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Tehnologiýalar merkezi «Türkmenistanda innowasiýa tehnologiýalary» atly ylmy-amaly elektron žurnalyň ilkinji sanyny okyjylara ýetirdi.

 Žurnalyň bu sanynda Türkmenistanda ylmyň ileri tutulýan ugurlaryna laýyklykda Tehnologiýalar merkeziniň ylmy barlaghanalarynda ýerine ýetirilen ylmy barlaglaryň netijeleri hem-de ýurdumyzyň alymlarynyň ýerine ýetiren ylmy işleri, şeýle hem Tehnologiýalar merkeziniň Özbegistandaky hyzmatdaş ylmy edarasynyň alymynyň ylmy işi barada materiallar ýerleşdirildi.

 «Türkmenistanda innowasiýa tehnologiýalary» atly ylmy-amaly elektron žurnal ýurdumyzda durmuşa geçirilýän düýpli özgertmeler we gazanylýan üstünlikler, alnyp barylýan ylmy barlaglaryň esasynda täze işlenip taýýarlanýan tehnologiýalar baradaky ylmy maglumatlary özünde jemleýär.

 Innowasiýa tehnologiýalary boýunça ylmy barlaglary alyp barýan hünärmenler, bu ugurlar boýunça bilim berýän ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlary we talyplary hem-de giň okyjylar köpçüligi bu elektron žurnalyň üsti bilen düýpli, amaly ylmy barlaglaryň netijeleri we olaryň önümçiliklere ornaşdyrylyşy bilen tanyş bolarlar.

Žurnal bilen dolulygyna tanyş bolmak isleseňiz, şu ýere basyň!




salamnews.tm

Tmpedagog