04.03.2023 Täzelikler138

“Sagdyn nesil - röwşen geljek”


Golaýda Tejen etrap häkimliginiň, etrabyň iri jemgyýetçilik guramalarynyň bilelikde guramagynda Tejen etrabyndaky 37-nji orta mekdebiň mejlisler zalynda “Sagdyn nesil-röwşen geljek” ady bilen wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. Oňa mekdep okuwçylarydyr mugallymlar bilen birlikde işjeň agzalary, jemgyýetçilik guramalarynda zähmet çekýän hünärmenler gatnaşdylar. Duşuşykda häzirki wagtda ýurdumyzda alnyp barylýan işleriň, ýaş nesliň bilimli, hünärli, giň dünýägaraýyşly bolup ýetişmegi ugrunda edilýän tagallalaryň ähmiýeti barada söz açylyp ýaşlara sagdyn durmuş ýörelgelerine eýermek bilen baglanyşykly täsirli maslahatlar berildi.

 Şeýle hem bu ýerde çykyş edenler halkymyzyň bagtyýar durmuşynyň üpjün edilmegi, ýaş nesliň döwrebap terbiýelenmegi döwrebap bilim almagy üçin ähli şertleri döredip berýän mümkinçilikleri üçin Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Serdarymyza janlarynyň sag, ömrüniň uzak bolmagyny, il-ýurt, umumadamzat ähmiýetli başlangyçlarynyň rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.

Kakamyrat Nurberdiýew,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Ahal welaýatynyň Tejen etrap Geňeşiniň guramaçylyk bölüminiň esasy hünärmeni.



Tmpedagog