Bilim — ösüşleriň gözbaşy
Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň ilkinji günlerinde ýurdumyzyň bilim işgärleriniň ýanwar maslahatlarynyň badalga almagy ajaýyp ýylymyzyň möhüm wakalary bilen aýrylmaz baglanyşygy emele getirdi. Ýanwar maslahatlary welaýatymyzyň etraplarynda we Daşoguz şäherinde ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilip, ruhubelentligi we işjeňligi bilen tapawutlandy.
Okuw maslahatlarynyň dowamynda bilim işgärleri ýörite hödürlenilen mowzuklar esasynda çykyşlary guradylar, özara tejribe alyşdylar. Şeýle hem maslahatlaryň dowamynda okuwçylary ders bäsleşiklerine taýýarlamagyň usullary boýunça hem pikir alyşmalar boldy. Häzirki wagtda bilime teşne ýaş nesillerimiziň dürli ders bäsleşiklerde, halkara olimpiadalarda gazanýan üstünlikleri her birimizi diýseň guwandyrýar, buýsandyrýar. Bular barada hem okuw maslahatlarynda giňişleýin durlup geçildi.
Işjeň hem-de ruhubelentlikde geçirilen okuw maslahatlarynda öňdebaryjy bilim işgärlerine welaýat Baş bilim müdirliginiň Hormat hatlary we ylym-bilim işgärleriniň KA-nyň Daşoguz şäher geňeşi tarapyndan sowgatlar dabaraly ýagdaýda gowşuryldy. Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylyna ruhubelentlik bilen gadam basan mugallymlardyr terbiýeçiler bilim ulgamynyň ösdürilmegi üçin beýik işleri durmuşa geçirýän hormatly Prezidentimize alkyş aýtdylar.
"Daşoguz habarlary" welaýat gazeti
www.turkmenmetbugat.gov.tm