Şowhunly geçen “iň eýjejik gyzjagaz-2023” atly şadyýan bäsleşigi
Bedew bady bilen ynamly öňe barýan, ýurdumyzda ýaş nesilleriň bagtyýar hem-de abadan durmuşda ýaşamagy üçin giň gerimli işler alnyp barylýar. Bu günki günde, ýaş nesil hakyndaky alada döwlet syýasatymyzyň aýratyn üns berilýän ugurlarynyň biridir. Hormatly Prezidentimiziň hemmetaraplaýyn alada etmegi netijesinde, ýaş nesilleriň watançylyk, milli terbiýeçilik ruhunda sazlaşykly ösmegi üçin giň mümkinçilikler döredilýär. Bu günki gün ýaş nesliň ähli amatlyklary bolan, kämil tehnologiýalar ornaşdyrylan çagalar baglarynda we mekdeplerde bilim almagy hem-de öwrenmegi olaryň bagtyýar geljeginiň ýagty, nurana ýollarynyň aýdyň bolmagyny üpjün edýär. Şeýle alada mähir bilen gurşalan çagalar bagtlydyrlar. Çünki Türkmenistan döwletimiz durmuşymyzyň gülleri bolan çagalaryň ähli arzuwlarynyň myrat tapýan ýurdudyr.
Şu nukdaýnazardan ugur alyp, ýurdumyzyň çagalarynyň, ýaşlarynyň ruhy taýdan ösmegini, ahlak, edep häsiýetleriniň berkemegini gazanmak, şeýle-de, milli medeniýetimizi we sungatymyzy yzygiderli ösdürmäge, ösüp gelýän ýaş nesliň sungat äleminde zehinli hünärmenler bolup ýetişmeklerini gazanmaga, ýaşlaryň döredijilik ukyplaryny we bilimlerini has-da kämilleşdirmäge gönükdirilen döwlet syýasatymyzy iş ýüzünde durmuşa geçirmek, kesp, kär, hünär öwrenmeklige höwes döretmek ýaly watançylyk maksatlaryny göz öňünde tutup hem-de “Türkmenistanda ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2021-2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasy” we ony amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirmeli çäreleriň Meýilnamasyndan ugur alyp Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň we Bilim ministrliginiň bilelikde tassyklan düzgünnamasy esasynda Milli bahar baýramy mynasybetli ýurdumyzyň umumybilim berýän orta mekdepleriniň 2-4-nji synp okuwçy gyzjagazlarynyň arasynda “Iň eýjejik gyzjagaz-2023” atly şadyýan bäsleşigi geçirilýär. Şu günlerde bolsa, bu şadyýan bäsleşigiň etrap tapgyrlary şatlyk-şowhuna beslenip geçirilýär.
Ýakynda, Garagum etrabynda hem bu bäsleşigiň etrap tapgyry şowhunly ýagdaýda geçirilip, etrabyň orta mekdeplerinden saýlanan eýjejik gyzjagazlar düzgünnamanyň şertlerine laýyklykda özara bäsleşdiler. Özaralarynda bäsleşen okuwçy gyzjagazlar 3 şert boýunça bäsleşip, emin agzalaryň beren adalatly bahalarynyň netijesinde welaýat tapgyryna gatnaşmaga Garagum etrabynyň 7-nji orta mekdebiniň 2-nji synp okuwçysy Ýagmyrowa Nurgözel we 2-nji orta mekdebiniň 4-nji synp okuwçysy Orazmuhammedowa Aýşa dagylar mynasyp boldular. Bäsleşigiň ýeňijilerine we bäsleşige gatnaşan eýjejik gyzjagazlarymyza Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň Garagum etrap Geňeşi tarapyndan ýadygärlik sowgatlar hem-de hormat hatlary dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.
Sülgün AGAJANOWA,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň
Garagum etrap Geňeşiniň başlygy.
yashlar.gov.tm