Gyz edebi – il edebi
Hormatly Prezidentimiziň başlangyjy esasynda halkymyzyň gadymyýetden gözbaşly we hemişe rowaçlyga beslenen ýörelgeleri, şol sanda ýaşaýşyň gözbaşy bolan, ömrümize ýaraşyk berýän enelere hem-de gelin-gyzlara sarpa goýmak, olaryň mertebesini belende götermek ýörelgesi üstünlikli dowam etdirilýär. Hormatly Prezidentimiziň ,,Biz zenanlarymyzyň ruhy – ahlak, paýhas we zähmet mümkinçiliklerine ýokary baha berýäris“ diýen dana sözlerinden ugur alyp, Tejen etrap häkimliginiň, Zenanlar guramasynyň, TMÝG-nyň Tejen etrap Geňeşiniň, etrap hassahanasynyň wekilleriniň, polisiýa bölüminiň wekilleriniň gatnaşmaklarynda Tejen etrabynyň 5-nji orta mekdebinde zähmet çekýän ýaşlaryň arasynda türkmen zenanlaryna mahsus bolan edep-terbiýe kadalaryny düşündirmek, milli däp-dessurlarymyzy wagyz etmek maksady bilen wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi.
Zenan gözellik çeşmesidir. Şol gözellik çeşmesi zenanyň akyl paýhasyndan, edep-ekramyndan, ahlak päkliginden we halal zähmetinden döreýär. Şonuň üçinem ene mukaddes hasaplanýar. Bu barada Hormatly Prezidentimiziň: ,,Türkmen halkynyň adynyň dünýä ýaýylmagynda, lebzi halal, watansöýüji, zähmetsöýer, belent ruhly nesilleri terbiýeläp ýetişdirmekde eziz enelerimiziň, gelin-gyzlarymyzyň hyzmaty çäksizdir. Maşgala agzybirliginiň we rowaçlygynyň açary siziň eliňizdedir. Maşgala sazlaşygy bolsa, biziň jemgyýetimiziň kämilliginiň iň esasy kepildir“ diýip, waspyny ýetirmegi ýöne ýere däldir. Ene-mamalarymyz hem gyz edebine ýaşlykdan aýratyn üns berip, her hili nesihatlaryň, öwüt-ündewleriň üsti bilen edep-terbiýe beripdirler. Wagyz-nesihat duşuşygynda şular dogrusynda gürrüň etmek bilen ösüp gelýän ýaş nesillerimiziň ýokary ahlakly, belent adamkärçilikli, ilhalar, giň dünýägaraýyşly, edep-ekramly ýaşlar bolup ýetişmeklige çagyrdylar. Ýaşlaryň ýagty ertirleri üçin beýik işleri durmuşa geçirýän Hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli beýik işleri has-da rowaçlyklara beslensin!
Oguljennet ŞIRIÝEWA,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyň Ahal welaýatynyň
Tejen etrap geňeşiniň guramaçylyk bölüminiň
esasy hünärmeni.