20.02.2023 Täzelikler42 .

“Ýaşlar we hukuk medeniýeti”


Ýakynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýatynyň Halaç etrap Geňeşi, Halaç etrabynyň 29-njy orta mekdebiniň mejlisler zalynda ýokary synp okuwçylarynyň gatnaşmagynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň VIII Gurultaýyny ýaşlaryň arasynda wagyz-etmek, Türkmenistanyň ýaşlar baradaky döwlet syýasaty hukuk, ykdysady, durmuş we guramaçylyk babatda zerur şertleriň hem-de möhüm syýasy kepillikleriniň döredilmegine, jemgyýetçilik birleşikleriniň ösüşine, şeýle-de olary goldamaga gönükdirmek maksady bilen “Ýaşlar we hukuk medeniýeti” atly wagyz-nesihat çäresi geçirildi. Çärede Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýatynyň Halaç etrap Geňeşiniň guramaçylyk bölüminiň esasy hünärmeni G.Wellekow, Halaç etrap polisiýasynyň KÝÝIBB-niň gözegçisi B.Kerimow, Halaç etrap kazyýetiniň arhiwçisi O.Baýlyýewa, Halaç etrabynyň 29-njy orta mekdebiniň müdiri R.Kerimberdiýew Halaç etrabynyň 29-njy orta mekdebiniň mugallymy S.Isaýewa dagylar çykyş etdiler.




yashlar.gov.tm

Tmpedagog