20.02.2023 Täzelikler271 .

Berdimuhamet Annaýew adyndaky mugallymçylyk orta hünär okuw mekdebi dörediler


Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe bilim ulgamyny has-da ösdürmek, «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda» göz öňünde tutulan wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmek, şeýle hem Ahal welaýatynyň bilim edaralarynyň orta hünär bilimli işgärlere bolan isleglerini kanagatlandyrmak maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Bilim ministrligine Berdimuhamet Annaýew adyndaky Ahal welaýat mugallymçylyk orta hünär okuw mekdebini bellenen tertipde döretmek hem-de şu okuw mekdebiniň Tertipnamasyny taýýarlamak we bellenen tertipde tassyklamak tabşyryldy.

 Berdimuhamet Annaýew adyndaky Ahal welaýat mugallymçylyk orta hünär okuw mekdebine 2023-2024-nji okuw ýylyndan talyplary okuwa kabul edip başlamak bellenildi.




ahal.info

Tmpedagog