20.02.2023 Täzelikler106

«Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlarda raýat jogapkärçiligini we zähmete söýgini ösdürmegiň usullary»


Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň we Ahal welaýat häkimliginiň guramagynda Gökdepe etrabynyň Yzgant şäherçesindäki Berdimuhamet Annaýew adyndaky 27-nji orta mekdepde ylmy-usuly maslahat geçirildi. Bu ylmy-usuly maslahat «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlarda raýat jogapkärçiligini we zähmete söýgini ösdürmegiň usullary» diýen at bilen geçirildi.

 Maslahata gatnaşanlar ilhalar ynsan, mähriban mugallym Berdimuhamet Annaýewiň mekdebiň giň zalynda ýerleşýän ýadygärligine gül desselerini goýdular.

 Ylmy-usuly maslahatda çykyşlara giň orun berildi. Onda Türkmenistanyň Milli bilim institutynyň Jemgyýetçilik bilimleri bölüminiň müdiri Ogulbaýram Meläýewa, Bereket etrabyndaky 7-nji orta mekdebiň müdiri Orazmämmet Ýarjanow, Halaç etrabyndaky 26-njy orta mekdebiň müdiri Wepa Orazow, Ýolöten etrabyndaky 48-nji orta mekdebiň müdiri Maral Öwezgeldiýewa, Kaka etrabyndaky 24-nji orta mekdebiň müdiri Akjemal Myradowa, Ak bugdaý etrabyndaky takyk we iňlis dili derslerini çuňlaşdyryp öwredýän ýöriteleşdirilen 27-nji orta mekdebiň mugallymy Kümüş Begiýewa, Türkmenistanyň Milli bilim institutynyň Dil we edebiýat bölüminiň uly ylmy işgäri Gülaýym Sahatowa çykyş etdiler. Olar öz çykyşlarynda okuwçylary raýat jogapkärçiligi we zähmete söýgi ruhunda terbiýelemegiň, olaryň her bir işe jogapkärli çemeleşmeklerini gazanmagyň esasy wezipedigini nygtadylar. Şeýle hem çykyşlarda hormatly Prezidentimiziň ýaşlar üçin edýän aladalary giňişleýin bellenildi.

 Maslahatyň dowamynda oňa gatnaşanlar mekdebiň muzeýiniň eksponatlaryny we kitap sergisini synladylar.


"Mugallymlar gazeti" gazeti, 19.02.2023

www.turkmenmetbugat.gov.tm

Tmpedagog