Halkara ylmy-amaly maslahaty geçirildi
15.02.2023ý. senesinde Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetinde “Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly” mynasybetli “Durnukly ösüş maksatlary: ýaşlar syýasaty we innowasion tehnologiýalar” atly halkara ylmy-amaly maslahaty geçirildi. Oňa ýurdumyzyň belli alymlary, ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlary, ylmy jemgyýetçiligiň wekilleri, şeýle hem sanly ulgam arkaly dünýäniň 23 ýurdunyň ylmy düzümleriniň 50-ä golaý wekilleri gatnaşdylar. Şolaryň hatarynda Gruziýa, Ýaponiýa, Russiýa, ABŞ, Rumyniýa, Germaniýa, Azerbaýjan, Nigeriýa, Gazagystan, Hytaý, Tailand, Efiopiýa, Koreýa, Hindistan we beýlekiler bar.. Halkara ylmy-amaly maslahatynyň gün tertibine ylmy barlaglaryň ileri tutulýan ugurlary boýunça özara gatnaşyklar, täze tehnologiýalary işläp taýýarlamak we olary ulanmak, innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmakda ýaşlar syýasatynyň ähmiýeti ýaly meseleler girizildi.
Halkara ylmy-amaly maslahatynyň çäklerinde uniwersitetiň eýwanynda täzeçil taslamalara we häzirki zaman innowasion tehnologiýalaryna bagyşlanan sergi guraldy. Onda Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitiniň ylmy-önümçilik merkezleriniň täze işläp taýýarlamalary görkezildi. Maslahatyň öňüsyrasynda oňa gatnaşyjylar uniwersitetiň ylmy-önümçilik merkezlerinde alnyp barylýan ylmy-taslama işleriniň netijeleri bilen tanyşdylar. Şol bir wagtyň özünde sergi sanly ulgam arkaly maslahata gatnaşaýan daşary ýurtly myhmanlaryň ählisine göni ýaýlymda görkezildi. Häzirki zaman ylmynyň iň soňky gazananlary bolan Emeli aň çözgütleri esasynda işläp taýýarlanan hem-de kiberhowpsuzlyk ulgamyny üpjün edýän programma üpjünçilikleri, sanly we akylly tehnologiýalar, akylly şäher ulgamy, himiki tehnologiýalar, materiallary öwrenmek we täze materiallaryň tehnologiýasy, nanomateriallar, biotehnologiýalar, genetika we bioinžiniring, biolukmançylyk elektronikasy, innowasiýalaryň ykdysadyýeti, tehnologiýa işewürligi ýaly ugurlar boýunça alnyp barylýan ylmy-barlag işleriň sergisi maslahata gatnaşyjylarda uly täsir galdyrdy.
Halkara ylmy-amaly maslahatynyň Esasy mejlisi türkmen halkynyň Milli Lideri Alym Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Serdarymyzyň durmuşa geçirýän beýik işlerine bagyşlanyp, uniwersitetiň ähli talyplarynyň gatnaşmagynda hor bolup ýerine ýetirilen Alkyşnama aýdymy bilen başlandy. Soňra halkara ylmy-amaly maslahatyň gün tertibine laýyklykda esasy mejlisde göz öňüne tutulan çykyşlara geçildi.
Çykyş edenler bilimiň dürli ugurlaryny ösdürmäge gönükdirilen möhüm meselelere degip geçdiler we öz geçiren ylmy-barlag işleri barada maglumat berdiler. Şeýle hem halkara ylmy-tehniki hyzmatdaşlygyň geljekki ugurlary, ýokary tehnologiýaly önümçilikleri döretmekde, durmuş ulgamynda sanly tehnologiýalary ulanmakda, sebit möçberinde hem-de has giň derejede ylmy-tehniki wezipeleri çözmek üçin hyzmatlar ulgamyny emele getirmekde toplanan tejribeler, Durnukly ösüşiň maksatlaryna ýetmekde ýaşlar syýasatynyň we innowasion tehnologiýalaryň ähmiýeti barada aýtdylar. Türkmenistanda amala aşyrylýan düýpli özgertmeleriň ylym-bilimiň okgunly ösdürilmeginiň möhüm ugurlary boýunça hyzmatdaşlygyň giňeldilmegine uly itergi berendigi aýratyn bellenildi. Daşary ýurtly alymlaryň sanly ulgam arkaly çykyşlarynda ýurdumyzyň ylym-bilim, innowasion tehnologiýalar boýunça hyzmatdaşlygyň geljegi barada giňişleýin maglumatlar berildi. Çykyşlarda ykdysadyýetiň dürli pudaklaryny ösdürmegiň amaly we usulyýet meseleleri möhüm orun eýeledi. Daşary ýurtly alymlar Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitinde innowasion tehnologiýalary döretmekde we ornaşdyrmakda alnyp barylýan ylmy-barlag işlerine ýokary baha berdiler. Uniwersitetiň ýaş mugallymlary hem-de ylmy işgärleri tarapyndan alnyp barylýan ylmy-barlag işleriniň durnukly ösüşiň maksatlaryna ýetmekde ähmiýetiniň uludygy bellenildi.
Umuman, Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetinde geçirilen halkara ylmy-amaly maslahaty diýseň netijeli häsiýetde boldy. Onda edilen çykyşlar özüniň ylmy täzeçilligi, derwaýyslygy, durnukly ösüşiň maksatlaryny amala aşyrmaga gönükdirilendigi bilen tapawutlandy. Uniwersitetiň giň eýwanynda sergilenen ylmy-taslama işlerden görnüşi ýaly ylmy-önümçilik merkezlerinde ýerine ýetirilýän işler “Durnukly ösüşiň maksatlaryna” ýetmegiň ýolunda esasy wezipeleriň uniwersitet tarapyndan amal edilýändiginiň aýdyň subutnamasy bolup durýar. Döredilip berilýän giň mümkinçilikler we gazanylýan üstünlikler üçin halkara ylmy-amaly maslahatyna gatnaşyjylar türkmen halkynyň Milli Lideri Alym Arkadagymyza hem-de Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Serdarymyza alkyş sözlerini beýan etdiler.