10.02.2023 Täzelikler156

Okuw-usuly maslahat


 Ak bugdaý etrabyndaky ýöriteleşdirilen 46-njy orta mekdepde okuw-usuly maslahat geçirildi. Türkmenistanyň Bilim ministrligi, Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar gaznasynyň Türkmenistandaky wekilhanasy, Türkmenistanyň Milli bilim instituty, Ahal welaýat Baş bilim müdirligi, bu müdirligiň ýanyndaky umumybilim edaralarynyň mugallymlarynyň we mekdebe çenli çagalar edaralarynyň terbiýeçileriniň hünär derejesini ýokarlandyryş merkezi tarapyndan guralan okuw-usuly maslahata welaýatyň etraplarynynyň mekdeplerinden degişli hünärmenler gatnaşdy.

 Okuw-usuly maslahatyň açylyş dabarasynda welaýat Baş bilim müdirliginiň başlygy B.Çarlyýew çykyş edip, onuň üstünlikli we netijeli geçmegini arzuw etdi. Çykyş edenler bu çäräniň ähmiýetine aýratyn ünsi çekdiler. Bellenilişi ýaly, şu ýylyň 30-njy ýanwarynda Ahal welaýat Baş bilim müdirliginiň ýanyndaky umumybilim edaralarynyň mugallymlarynyň we mekdebe çenli çagalar edaralarynyň terbiýeçileriniň hünär derejesini ýokarlandyryş merkezi we Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar gaznasynyň Türkmenistandaky wekilhanasy tarapyndan mekdep mugallymlary üçin howanyň üýtgemegine uýgunlaşmak boýunça usuly gollanmalar bilen tanyşdyrylyş çäresi geçirilip, oňa gatnaşan bilim işgärleridir degişli hünärmenlere tebigaty öwreniş, ýaşaýyş-durmuş esaslary, geografiýa, ekologiýa, oba hojalyk zähmeti okuw derslerinden klimatyň üýtgemegine uýgunlaşmak boýunça usuly gollanmalar paýlandy. Nobatdaky okuw-usuly maslahat bolsa, şol usuly gollanmalary okuw-terbiýeçilik işinde peýdalanmagyň usulyýet aýratynlyklaryna, okuwçylara döwrebap ekologik bilim bermegiň hem-de olarda ekologiýa medeniýetini terbiýelemegiň ýollaryna bagyşlanýar.

 Okuw-usuly maslahatyň barşynda Türkmenistanyň Milli bilim institutynyň hünär kämilleşdiriş bölüminiň bölüm müdiri, biologiýa ylymlarynyň kandidaty S.Durdyýewiň, agzalan institutyň uly ylmy işgäri M.Meredowyň, Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň kitaplary çapa taýýarlamak bölüminiň müdiri A.Kiçiýewiň çykyşlary uly dykgat bilen diňlendi.

 Tebigaty öwreniş, ýaşaýyş-durmuş esaslary, geografiýa, ekologiýa, oba hojalyk zähmeti okuw dersleri boýunça jogapkär mugallymlar aýratyn synp otaglarynda degişli gollanmalardan mysaly okuw sapaklaryny geçdiler. Bu bolsa okuw-usuly maslahatyň many-mazmunyny we netijeliligini artdyrdy. Okuw-usuly maslahatyň çäginde guralan okuw-görkezme esbaplarynyň we ýaşlaryň taslama işleriniň sergisi hem uly gyzyklanma döretdi.

Ýazgül GYLYJOWA,
Ak bugdaý etrabyndaky tebigy we takyk ugurly dersleri çuňlaşdyryp öwredýän ýöriteleşdirilen
46-njy orta mekdebiň müdiri. "Ahal durmuşy" welaýat gazeti



www.turkmenmetbugat.gov.tm

Tmpedagog