02.02.2023 Täzelikler147

Mekdep mugallymlary üçin gollanma


 Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar gaznasy bilen Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň hyzmatdaşlygynyň çäginde umumybilim berýän orta mekdepleriň mugallymlary üçin gollanmalar toplumy taýýarlanyldy. Golaýda BMG-niň paýtagtymyzda ýerleşýän edara jaýynda şol gollanmalar toplumynyň tanyşdyrylyş we gowşurylyş dabarasy boldy. Oňa ýurdumyzyň bilim edaralarynyň, kitaphanalarynyň işgärleri, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.

 Bu gollanmalar toplumynda BMG-niň Çagalar gaznasynyň bilermenleriniň halkara tejribeleriniň netijesinde türkmen alymlary bilen halkymyzyň milli ýörelgeleri esasynda degerli maglumatlary jemlediler. Mekdep mugallymlary üçin howanyň üýtgemegine uýgunlaşmak boýunça usuly gollanmalar toplumyna Türkmenistandan hem bilim işgärleri wekilçilik etdiler. Olardan awtorlar toparynyň ýolbaşçysy, Türkmenistanyň Milli bilim institutynyň bilim işgärleriniň hünärini kämilleşdiriş bölüminiň bölüm müdiri, biologiýa ylymlarynyň kandidaty, dosent Sapargeldi Durdyýewiň, institutyň tebigy we takyk bilimleri bölüminiň uly ylmy işgäri Muhammetgurban Meredowyň, Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň bölüm müdiri Annasapar Kiçiýewiň, Aşgabat şäherindäki Türkmenistanyň Gahrymany A.Nyýazow adyndaky zehinli ýaşlar mekdebiniň ýokary derejeli biologiýa mugallymy Sülgün Goşaýewanyň, paýtagtymyzdaky ýöriteleşdirilen 27-nji orta mekdebiň geografiýa mugallymy Maýa Batyrowanyň zähmetleri aýratyn bellärliklidir.

 Gollanmalar toplumy umumybilim berýän orta mekdepleriň 3-nji synpyndan ýokary synplarda okadylýan bäş ders boýunça klimat bilen bagly maglumatlary giňişleýin öwretmäge niýetlenendir. Has takygy, tebigaty öwreniş, ýaşaýyş-durmuş esaslary, oba hojalyk zähmeti, geografiýa, ekologiýa dersleriniň okuw maksatnamalaryndaky temalaryň interaktiw usullarda geçilmegini we çagalaryň özbaşdak ýumuşlar bilen bu möhüm meselede düşünjeleriniň artmagyny gazanmak gollanmalar toplumynyň esasy wezipesi bolup durýar.

Şähribossan ÖWEZOWA, «Mugallymlar gazeti».
"Mugallymlar gazeti" gazeti, 01.02.2023

Tmpedagog