30.01.2023 Täzelikler122

Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlaryň Watany taryhy dabaralara beslenýär


Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzda Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan ýaşlar syýasaty üstünlikli durmuşa geçirilyär. 2023-nji ýylyň "Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly" diýlip atlandyrylmagy hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzyň başarjaň, maksada okgunly, geljege ynamly ýaşlaryna bildirýän ynamynyň beyikdigini äleme äşgär edýär. Her bir güni şanly wakalara beslenýän buýsançly ýylyň 28-nji ýanwarynda taryha altyn harplar bilen ýazylan taryhy dabaranyň - Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň VIII Gurultaýynyň geçirilmegi aýdanlarymyzy aňryýany bilen tassyklaýar.

 Ýurdumyzda dürli kärde, dürli ulgamda zähmet çekýän Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň işjeň agzalaryny, öňdebaryjy, talyp, okuwçy ýaşlary bir ýere jemlän nobatdaky Gurultaý paýtagtymyzdaky Mekan köşgünde öz işini üstünlikli geçirdi. Gurultaýyň dowamynda "Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar: Ynamly ädimler bilen beýik menzillere tarap. Türkmen halkynyň Milli Lideri - bagtyýar ýaşlaryň durmuş uniwersiteti" atly bölümler esasynda çykyşlara orun berildi. Gurultaýyň çäginde Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Tertipnamasyna üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmek boýunça, şeýle-de dürli meselelere garaldy. Olar boýunça öňde durýan wezipeler ara alnyp maslahatlaşylyp, hödürlenen teklipler Gurultaýa gatnaşyjylar tarapyndan biragyzdan kabul edildi. "Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly" ýylynyň ilkinji aýynda üstünlikli geçirilen Gurultaý ýaş nesilleri watansöýüjiligiň, ynsanperwerligiň belent ruhunda terbiýelemekde, olarda sagdyn durmuş ýörelgelerini kemala getirmekde geljekde öňde durýan möhüm wezipeleri kesgitledi.

 Gurultaýyň Gün tertibiniň ikinji ýarymynda ýurdumyzda ähli ulgamlar boýunça öňdebaryjy ýaşlaryna hormatly Prezidentimiziň we Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň adyndan gymmat bahaly sowgatlaryň gowşurylyş dabarasy boldy. Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň VIII Gurultaýynyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar tarapyndan hormatly Prezidentimiziň adyna Ýüzlenme kabul edildi.

 Gurultaýyň öz işini üstünlikli tamamlamagy mynasybetli günüň ikinji ýarymynda Ahal welaýatyndaky "Türkmeniň ak öýi" binasynda ýurdumyzyň ýaş sungat ussatlarynyň konserti guraldy. Dabaraly konsertiň joşgunyny artdyran ajaýyp aýdym-sazlaryň, folklor we tans toparlarynyň ýerine ýetirmeginde belent ruha beslenen, ajaýyp çykyşlaryň her biri gyzgyn elçarpyşmalar bilen garşylandy. Ýokary ruhubelentlikde geçirilen dabaraly konsert oňa gatnaşanlarda ýatdan çykmajak täsir galdyrdy.

 Nobatdaky Gurultaý türkmen ýaşlarynyň Berkarar döwletiň Täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Milli Liderimiz- Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Serdarymyza bolan buýsanjyny dünýä ýaýdy. Türkmen ýaşlaryna bildirilen beýik ynamyň, öňde durýan mukaddes borç bilen sazlaşygyny döwrüň, dünýäniň ýüregine altyn harplar bilen ýazdy.

 Şeýle dabaraly wakalara gatnaşyp, şanly günleriň şaýady bolmak biz ýaşlary täze eserleri döretmäge joşdurýar, kalbymyza egsilmez ylham berýär.

"Watan diňe halky bilen Watandyr!
Döwlet diňe halky bilen döwletdir!",
Bu dürdäne jümle älem-jahana,
Iliň bilen bir bolmagy öwretdi.

Gül Diýary beslär baky bahara,
Siziň bilen dünýäň ýüregi joşýar.
Şan getirer bu döwletli Watana,
Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar.

Aýjemal GAÝLYÝEWA,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyň VIII Gurultaýyna gatnaşyjy,
Türkmenistanyň Ýaşlar baýragynyň eýesi,
Balkanabat şäheriniň ýöriteleşdirilen
2-nji orta mekdebiniň mugallymy, şahyr.



Tmpedagog