Mugallymlar we ata-eneler bilen geçirilýän işler (“Açyk gapylar” güni)
Asuda asmanly erkana ýurdumyzda ýaşamak, döretmek, kämilleşmek üçin giň mümkinçilikler bar. Peder paýhasyndan ugur alyp türkmen halkyny Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ruhubelent zähmet çekmeklige ruhlandyrýan Hormatly Prezidentimiz aýratynam ýaş nesliň geljegini Watan ertiri hasaplaýar. Şeýle paýhasdan her bir bilim işgäri ganatlanyp zähmet çekýär.
Amyderýanyň sag tarapyny etekläp oturan Lebap topragynyň Türkmenabat şäheriniň 17-nji orta mekdebinde ýanwar aýynyň 27-sinde “Mugallymlar we ata-eneler bilen işler” ady bilen geçirilen “Açyk gapylar” güni joşgunly bilim işgärleriniň - mekdep mugallymlarynyň, okuwçylaryň şatlygyny goşalandyrdy. Ata-babalarymyzdan, ene-mamalarymyzdan miras bolan myhmansöýerlik däbiniň dowamatyny şöhlelendirýän bu çäräniň geçirilmegi okuwçylarda, ata-enelerde we myhmanlarda uly täsir galdyrdy. Öňdebaryjy mugallymlaryň geçiren çäreleri: rus dili mugallymy M.Haidowanyň ,,Имя числительное Количественные и порядковые числительные Склонение числительных Роберт Рождественский “Баллада о красках” temada, iňlis dili mugallymy I.Muradowanyň ,,The Present Continuous Tense", taryh mugallymy A.Rozymowanyň ,,Ýakyn gündogara haçly ýörişler” atly göreldeli sapaklary, “Arkadag Serdarly ýaşlar telekeçilik ýolunda” ýarmarkasy halkymyzy şatlandyran ajaýyp taryhy waka buýsanç duýgusynyň teswiri bolup, Milli Liderimiziň we Arkadagly Serdarymyzyň beýik işlerini alkyşlar bilen bezeldi. Harby-watançylyk, durmuş, ruhy-ahlak, estetiki gözellik duýgularyny özünde jemlän el we örüm işlerinden, Milli Liderimiziň jöwher paýhasyndan elenen Kitaplardan gurnalan sergiler, multimedia tagtasynda geçirilen älem syýahatlary aýratynam ata-enelerde, dürli kärlerde zähmet çekýän myhmanlarda, gojalardyr, kümüş saçly enelerde hormatly käriň mynasyp eýelerine asylly zähmeti üçin çäksiz minnetdarlyk duýgusyny artdyrdy.
Çäräniň ahyrynda ähli gatnašyjylar Watanymyzyň nurana geljegi - ýaş nesil üçin edilýän Beýik aladalara minnetdarlyk kompozisiýasy janlandyryldy.
Göwher Annageldiýewa,
Lebap welaýat Baş bilim müdirliginiň
umumy orta bilim bölüminiň esasy hünärmeni.