14.01.2025 Täzelikler32

Bagtyýar çagalar buýsanjymyzdyr


Aşgabat şäherindäki 184-nji çagalar bagynyň bilim işgärleri körpelere döwrebap terbiýe, bilim bermekde öňdebaryjylaryň hatarynda tanalýar. Bu çagalar bagy 2021-nji ýylda «Bagy-bossanlyga, gülzarlyga beslenen iň gowy çagalar bagy» atly bäsleşigiň hem döwlet tapgyrynda birinji orna mynasyp boldy. Bu hakykatdan hem şeýle. Çagalar bagynyň howlusy bagy-bossanlyga beslenip otyr. Howlynyň çäginde owadan gülleriň ýetişdirilmegi aýdylanlara aýdyň şaýatlyk edýär.

Bu çagalar bagynda çagalar toparynyň sekizisi bolup, üçüsi uly (mekdebe taýýarlaýyş), üçüsi orta, ikisi kiçi topardan ybarat. Üç gatly, ähli amatlyklary bolan bu çagalar bagy 2008-nji ýylda ulanylmaga berildi.

Çagalar bagynda tejribeli, halypa terbiýeçileriň birnäçesi bar. Olardan Ýelena Karpaçýowa, Nataliýa Lagutoçkina, Gülnar Mämmedowa, Rimma Glotowa, Dilber Atamyradowa, Roza Wardanýan, Gülnara Gandymowa, Mähri Amangeldiýewa ýaly terbiýeçi mugallymlar we Maýsa Myradowa ýaly terbiýeçi-usulyýetçi, Meretgeldi Meretgeldiýew ýaly mugallymlar nusgalyk işleri görkezýärler. Bu ady agzalan terbiýeçileriň pedagogika ugry boýunça iş tejribesiniň 25-50 ýyl aralygyndadygyny aýtdylar. Olaryň çagalar bilen guraýan sapaklaryna körpeleriň işjeň gatnaşýandyklaryny ýakyndan synladyk. Sapak wagty çagalar terbiýeçi mugallymlarynyň her bir aýdan sözlerini üznüksiz yzarlaýarlar. Terbiýeçi sowal beren wagty çagalar çalt we özbaşdak pikirlenip jogap bermegi başarýarlar. Terbiýeçileriň sapaklary guramakdaky esasy aýratynlyklaryny bellemek gerek. Sapagy terbiýeçi mugallym türkmen hem-de rus dillerinde guramagy başarýar. Çagalar iki dilde terbiýeçi mugallymyň düşündirýän temasyny, berýän soraglaryny, ýumuşlaryny özleşdirmegi başarýarlar.

Körpeleriň geçilýän temany gowy özleşdirmekleri üçin hem-de sapagyň täsirliligini artdyrmak maksady bilen, terbiýeçiler dürli görkezme esbaplaryndan, innowasion tehnologiýalardan, oýunlardan, dersara baglanyşyk usullaryndan ýerlikli peýdalanmagy başarýarlar. Döredijilik ukybyna, ussatlyk derejesine daýanyp, olar ýaş nesle bilim bermekde iş tejribelerini sapaklarynyň üsti bilen açyp görkezýärler.

Irki ýaşda çagalara sapak wagtynda öwrediji oýunlary oýnatmagyň terbiýeçilik ähmiýeti bar. Şeýle hem mekdebe çenli ýaşly çagalara watançylyk terbiýesini bermekde olaryň göz öňüne getirmek arkaly akyl ýetiriş, pikirleniş ukyplaryny we sözleýiş dilini ösdürmegiň usullaryny, türkmen halk ertekileriniň çaga terbiýesindäki ornuny aýratyn bellemek bolar. Terbiýeçiler sapak wagtynda okatmagyň işjeň usullaryny, öwrediji oýunlary giňden ulanmak bilen, çagalaryň söz baýlygyny we dil medeniýetini ösdürmegiň ähmiýetini açyp görkezdiler.

Bu ýerde terbiýeçileriň döredijilik işleri bilen hem tanyş bolduk. Olar körpeler bilen guraýan sapaklarynda ulanýan görkezme esbaplarynyň görnüşleri, multimedia tagtasyndan peýdalanmagyň ähmiýeti, slaýd şekilleri, elde ýasalan gurjaklaryň sapaklarda peýdalanyş usullary boýunça işjeň sapaklary gurap bolýandygyny görkezdiler.

Çaganyň sözleýşini ösdürmek terbiýeçiniň esasy wezipeleriniň biridir. Terbiýeçi maşgalada düýbi tutulan sözleýşi ýörite düzülen okuw maksatnamalary esasynda kämilleşdirmek üçin iş alyp barýar. Ene dili sapaklary çagalar baglarynda-da, başlangyç synplarda-da çaganyň sözleýiş medeniýetini ösdürmäge gönükdirilýär. Dürli usullar esasynda çaganyň sözleýiş medeniýetini kemala getirmek, kämilleşdirmek mekdebe çenli çagalar edaralarynyň bakja toparlaryndan başlanýar. Ene dilini öwretmegiň esasy meseleleriniň biri arassa we dogry ses aýdyş endiklerini bermekdir. Sözdäki sesleri dogry aýtmak dili oňat özleşdirmegiň esasy bolup durýar. Şu nukdaýnazardan, mekdebe çenli çagalar edaralarynyň sözleýşi ösdürmek sapaklarynda bakja toparyna gatnaýan çagada özüne gönükdirilen sözleýşi diňlemäge we oňa düşünmäge bolan başarnyk kemala gelip başlaýar. Çaga sesleri, bogunlary, sözleri (fonetikany); sözleri sanda, ýöňkemede, düşümde üýtgetmegi, täze sözleri ýasamagy (morfologiýany); ýönekeý, goşma sözlemleri emele getirmegi (sintaksisi) hem öwrenmelidir. Ses ünsüniň dogry, anyk ösen bolmagy oňat sowat almagyň esasydyr. Bu aýdylan wajyp wezipeleri biz tejribeli terbiýeçiler Ýelena Karpaçowanyň kiçi toparda, Gülnara Gandymowanyň mekdebe taýýarlaýyş (uly toparda) sözleýşi ösdürmek boýunça guran sapaklaryna gatnaşanymyzda göz ýetirdik.

«Türkmenistanda umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň 2028-nji ýyla çenli Konsepsiýasyna» laýyklykda mekdebe çenli çagalar edaralarynyň işgärleriniň öňünde goýlan wezipeleri ýerine ýetirmekde hem ýörite maksatnama esasynda iş alnyp barylýar. Şeýle hem okuw-terbiýeçilik işlerinde ýokary netijeleri gazanmak üçin okuw maksatnamasyndaky temalary çaga nähili öwretmelidigi, has netijeli haýsy usullaryň we tärleriň ulanylmalydygy baradaky wezipe bu çagalar bagynyň işgärleriniň nazaryýetinde we amalyýetinde esasy orunda durýar. Bu ýerde mekdebe çenli çagalar edaralarynyň bilim işgärleriniň syýasy sowatlylygyny, hünär derejesini ýokarlandyrmak we bilim işgärleriniň usuly sagatlarynyň işiniň netijeliligini döwrüň talaplaryna laýyklykda yzygiderli ýokarlandyrmak işi hem ünsden düşürilmeýär. Şu nukdaýnazardan, Konsepsiýa laýyklykda terbiýeçiler mekdebe çenli çagalar edaralarynda terbiýe we bilim bermek işinde dünýä tejribesine işjeň ornaşdyrylýan hem-de çagalaryň sazlaşykly kemala gelmeginiň we ösmeginiň möhüm şerti bolup durýan innowasion tehnologiýalardan peýdalanýarlar. Bu ugurda bilim işgärlerine ähli mümkinçilikler bar. Şeýle ajaýyp mümkinçilikler üçin bu çagalar bagynda zähmet çekýän bilim işgärleri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden buýsançlaryny beýan edýärler.

Şähribossan ÖWEZOWA,
«Mugallymlar gazeti».

"Mugallymlar gazeti" gazeti, 13.01.2025

Tmpedagog