Bilim özgertmeleri durmuşa geçirilýär.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň we Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň taýsyz tagallalary esasynda Türkmenistan döwletimiziň kuwwatlanmagy we halkymyzyň abadan durmuşda ýaşamagy üçin halk hojalygynyň ähli ugurlarynda düýpli durmuş-ykdysady özgertmeler amala aşyrylýar.
Halkara tejribesiniň we halk pedagogikasynyň netijeli däplerini peýdalanmagyň esasynda ýurdumyzyň bilim ulgamynda amala aşyrylýan özgertmeleriň barşynda okatmagyň täze multimediýa, maglumat-kommunikasiýa tehnologiýalary giňden ornaşdyrylýar webilimiň binýady has-da berkidilýär.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe, Halkara parahatçylyk we ynananyşmak ýylynda bilim ulgamyndaky amala aşyrylýan özgertmeler döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugruna, umumymilli bähbitleriň we her bir raýatyň bähbitleriniň sazlaşýan ulgamyna öwrülip, ýurdumyzyň durmuş-ykdysady taýdan çalt depginler bilen ösmeginiň, jemgyýetiň medeni we ruhy taýdan kämilleşmeginiň esasy şerti bolup öňe çykdy.
Türkmenistanyň dürli künjeklerinde boluşy ýaly Balkan welaýatynda hem bilim işgärleriniň arasynda şu ýylyň ýanwar aýynyň 06-08-i aralygynda “Bilim-kämilligiň binýady” atly şygar astynda hünär kämilleşdirmek boýunça usuly-amaly okuwlar geçirildi. Usuly-amaly okuw sapaklarda halypa mugallymlar ýaş pedagogik işgärlere dersler boýunça okuwçylar bilen gündelik geçilmeli sapaklaryň geçiliş düzgünleri barada gowy maslahatlar berdiler. Halypa mugallymlar 2024-2025-nji okuw ýylynda geçiljek sapaklar boýunça özleriniň ýyllar boýunça edinen tejriberinden ýaş pedagogik işgärlere gerekli bolan degerli maslahatlaryny berdiler. Öz gezegine halypa mugallymlar okuw maksatnamasy boýunça çykyş edip ýaş hünärmenlerde uly täsirler galdyrdylar. Netijede, bilim işgarleriniň arasynda okuw meyilnamalaryny we maksatnamalaryny kamilleşdirmegiň, okatmagyň usullaryny dowrebaplaşdyrmagyň, pedagogik işgarleriň hünär derejelerini üznüksiz kamilleşdirmegiň usullary we yokary hilli bilimi üpjün etmegiň yollary ara alnyp maslahatlaşyldy we tejribe alşyldy.
Gelejekde hem Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyňhalkymyzyň asuda we parahat ýaşamagy, döwletimiziň dünýä bilim giňişligine goşulyp, abraýynyň ýer ýüzünde arşa galmagyugrunda alyp barýan tutumly işlerinde uly üstünlikler arzuw edýäris! Milli Liderimiziň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, il-ýurt bähbitli alypbarýan işleri elmydama rowaçlyklara beslensin!
Sapamuhammet SÄHETOW,
Gyzylarbat etrap bilim bölüminiň
hünärmen-usulyýetçisi.